Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 20.03.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

273563
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 20.03.2015

“Star” gazeti “1-nji Jahan urşy gutarmady” söz başyly habarynda, Prezdent R.T.Erdoganyň “100-nji ýylynda Jahan urşynyň resminamalary” temaly maslahatyň we serginiň açylyş dabarasyna gatnaşandygyny ýazýar. Gazet 1-nji Jahan urşunyň “1-nji paýlaşyk urşy” hökmünde atlandyrylýandygyna ünsi çekendigini, “paýlaşyk” sözüniň nebitiň, Ortaýer deňiziniň we Suweýş kanalynyň söwda ýollarynyň gözegçiligine eýe bolan Osman döwletini paýlaşmaklyk manysyny aňladýandygyna ünsi çeken Erdoganyň “Şu günki günde 1-nji Jahan urşunyň gutarmandygyny doly görýäris. Açan goşa dyrnagy henizem ýapylmady. Uruşdan soň gol çekişilen “Saýkes-Pikot” ylalaşygy diňe göz ýaşyny we zulum getirdi. Haosa esaslanýan ulgam henizem dowam edýär” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Sabah” gazeti “YSYS-a Stambuldan geçelge ýok” söz başyly habarynda, Siriýada we Yrakda söweşýän YSYS-yň hataryna goşulmak üçin Ýewropada şol ýurtlara gidýän daşary ýurtlylara türk polisiýasynyň operasiýasynyň dowam edýändigine ünsleri çekýär. Habarda öz ýurtlaryndan hiç hili howpsyzlyk çärelerinde saklanmak gaýdýan YSYS-yň tarapdarlaryny saklamak jogapkärçiliginiň türk polisine düşýändigi mälim edilýär. Gazet soňky iki hepdede Stambulyň Atatürk we Sabiha Gökçen adyndaky howa menzillerinden Türkiýä gelen 32 adamyň ele salynyp, ýurtlaryna ugradylandygyny ýazýar.
“Ýeni Şafak” gazeti “Geziçi” dünýä mediasy dymdy” söz başyly habarynda, “Gezi Parky” wakalaryna harby habarçylaryny we göni ýaýlym ulaglaryny ugradyp, Taksim meýdançasyna ornaşan halkara medianyň Ýewropanyň Merkezi Bankynyň Frankfurtdaky açylyşyny protest etmek üçin geçirilen demonstrantlara nemes polisiniň gören çäresini “Howpsyzlyk çäresi” atlandyrandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň türk polisi barasynda “aşa güýç” sözüni ulanandygy, iňlis mediasynyň waka barasynda tas habar bermändigini, Amerikan metbugatynyň bolsa Berliniň tarapyny çalýan we demonstrantlara garşy çemeleşme görkezendigi mälim edilýär.
“Milliýet” gazeti “Çanakgala köprüsiniň tenderine az wagt galdy” söz başyly habarynda, Transport, deňizçilik işleri we aragatnaşyk ministri Feridun Bilginiň dünýäniň iň uzyn asma köprüsi boljak Çanakgalanyň bogaz köprüsi üçin tendere taýarlyk tapgyrynyň ýylyň ortasynda başlajakdygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet ministr Bilginiň “Gelibolu-Lapseki ugrunda guruljak köpriniň jemi uzynlygy 3623 metre barabar bolar. Köpri 2 müň metrden gowrak orta açyklygy bilen dünýäniň iň uzyn asma köprüsi bolar. Köpriniň ugrunda gara ýoly ulag zolagy bilen birlikde demir ýol geçişi hem bolar” diýen sözlerine ünsleri çekýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar