Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 19.03.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutuluýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

271909
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 19.03.2015

“Ýeni Şafak” gazeti “TANAP Ýewropa hyrçyny dişletdi” söz başyly habarynda, Respublika taryhynyň iň uly tebigy gaz turba geçiri taslamasy TANAP-yň “Trans Anadoly Tebigy Gaz Turba Geçirijisi) ÝB-niň ünsüni özünde jemländigini ýazýar. Gazet ÝB-niň “Ýokary derejeli energetika dialogy” üçin Türkiýä ýüz tutandygyny, ÝB komissiýasynyň Türkiýäniň tebigy energiýa köprüsi hem-de merkezidigini resmi taýdan yglan edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda ÝB komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Maros Sefkowijiň “TANAP we Günorta gaz koridory taslamalary bilen Ýewropa gerek bolan gaz, howpsyz ýagdaýda akdyrylar. Taslama şol jähtden möhüm we ÝB üçin ähmiýetli” diýen sözleri ýerleşdirilýär.
“Star” gazet “Birža Stambulda tolgundyryjy iki täze hyzmatdaşlyk” söz başyly habarynda, Birža Stambulyň Londonyň Metal birhasynyň çalşyk bölümi LJH Klarnetdäki paýyny satyn aljakdygyny mälim edýär. Habarda Birža Stambulyň şeýlede LME-niň we LME-niň esasy firmasy Gong-Kong Birža we Çalşyk firmasy bilen bazar görkezijileriniň alyşylmagy boýunça hyzmatdaşlyk etjekdigi nygtalýar. Gazanylan ylalaşyklaryň çäginde iki birža polat bazarynda täze harytlaryň we hyzmatlaryň hödürlenmegi boýunça bilelikde işleşerler.
“Milliýet” gazeti “Russiýadan syýahatçy getirene 100 million kiralyk karz” söz başyly habarynda, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Ömer Çeligiň Türkiýä syýahatçy ugradýan ýurtlaryň hatarynda ikinji ýerde durýan Russiýada 2015-nji ýyl boýunça meýilleşdiriş işleri baradaky Syýahatçylyk we turizm sergisine gatnaşandygyny mälim edýär. Gazet ministr Çeligiň “Russiýadan 400 müň we ondan ýokary syýahatçy getiren syýahatçylyk operatorlaryna 100 million lira çenli karz berier. Şeýlede Russiýadan ýurdumyza ýurdumyza syýahatçy getirýän syýahatçylyk operatorlarynyň uçarlaryna her uçar başyna 6 müň dollar ýangyç kömegini bereris” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Haber Türk” gazeti “Esasy öýjükden beden agzalary köpeldiler” söz başyly habarynda, Ankara uniwersitetiniň iki müň inedördül metrlik meýdana eýe bolan saglyk şäherçesini gurjakdygyny, dünýäniň esasy merkezlerinden biri boljak şaherçede esasy öýjükden beden agzalarynyň köpeldilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet Ankara uniwersitetiniň rektory professor Erkan İbişiň “Esasy öýjük bilen bagly ylmy barlaglarymyz arkaly halkara edebiýatda öz mynasyp ornumyzy eýelemegi maksat edinýäris. Rak keseliniň kesgitlenmegi we bejerişi ugrundaky işlerimiz ösen tehnologik enjamlaryň kömegi bilen alynyp barylýar. Hassahanamyz halkara derejesinde saglyk, bilim, ylmy barlag we tejribe merkezi bolar” diýen sözlerini ýerleşdirýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar