Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 14.03.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

263285
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 14.03.2015

“Sabah” gazeti Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň Başar Asadyň ýolbaşçylygyndaky hökümete garşy Siriýada başlan protest ýörişleriniň 4-nji ýylynda Siriýanyň Milli Koalisiýasynyň we wagtlaýyn hökümetiň wekillerini Ankarada kabul edendigini ýazýar.

Gazet Premýer ministr Dawutoglynyň kabul edilşikde “Eger Siriýada demokratiýa ýola goýlan halatynda diňe Siriýanyň halky däl eýsem Ýakyn Gündogaryň halklary hem özlerine göra täze meýilnama taýarlar. Siziň üstünligiňiz diňe Siriýanyň üstünligi bolmaz. Siziň üstünliňiz buýsançlary üçin göreşýän ähli halklaryň üstünligi bolar. Beýleki halkara ruhy taýdan goldaw berer” diýendigini ýatladýar.


“Haber Türk” gazeti “ÝB-ni geň galdyran karar” söz başyly habarynda Islandiýanyň 6 ýyl ozal ÝB-ne agzalyk üçin eden ýüz tutmasyny yzyna alandygyny habar berýär.
Gazet Islandiýanyň Daşary işler ministri Gunnar Sweinssonyň hökümetiň kararyny ÝB-niň döwürleýin ýolbaşçylygyny ýerine ýetirýan Rinkewise resmi hat arkaly gowşurandygyny nygtaýar.


“Star” gazeti “Goňşydan ilkinji gezek türk hassahanasyna baýrak” söz başyly habarynda Gresiýanyň Türkiýeden bir hassahana ilkinji gezek baýrak berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet Gresiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň we saglyk syýahatçylygy komissiýasynyň “Saglygy goraýyş pudagyna we saglyk syýahatçylygyna” goşýan goşandygy sebäpli Liw Hospital hassahanasyny baýraga laýyk görendigini belleýär.


“Milliýet” gazeti “Afrikanyň almazy Türkiýede gaýtadan işlenip çykarlar” söz başyly habarynda Stambulda geçirlen Şaý-sep sergisinde Günorta Afrikanyň Norhern Kape ştatynyň Maliýe, ykdysady galkynyş we syýahatçylyk ministri Jon Blok we Norayr İşler tarapyndan gol çekişilen şertnama laýyklykda Norhern Kape ştatyndaky Kimberleý Almaz käninden çykarlan almazlaryň Stambulda gaýtadan işlenip çykaryljakdygyny habar berýär.


“Hürriýet” gazeti “Urmaýan ýürek oýlap tapdylar” söz başyly habarynda Awstraliýaly inženerleriniň täze açyşynyň ýürek keseli sebäpli ejir çekýän millionlarça adamda uly umyt döredendigini ýazýar.
Gazet urmaýan ýüregiň goýunda üstünlikli ýagdaýda synagdan geçirlendigini we 2018-nji ýylda ynsanlarda synagdan geçirilmäge başlanjakdygyny nygtaýar.

 



Etiketkalar:

Degişli Habarlar