Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 13.03.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 13.03.2015

“Ýeni Şafak” gazeti Prezident R. T. Erdogan bilen Merkezi bankyň başlygy Erdem Başçynyň özara duşuşyk geçirendigini ýazýar.

Gazet duşuşyga bazarlaryň ynam bildirmeginden soň Türk lirasynyň dollar bilen deňeşdirilende hümmetiniň ýokarlandygyny nygtaýar.


“Star” gazeti “BASF firmasynyň Türkiýe maksady 1 milliard ýewro” söz başyly habarynda 150 ýaşyny gutlaýan dünýäniň himiýa senagaty boýunça iş alyp barýan iň uly firmalardan biri bolan BASF Türkiýäniň Ýakyn Gündogardan we Demirgazyk Afrikadan jogapkär ýolbaşçysy Wolker Hammesiň dünýädäki näbellilige garamazdan 3-5 ýylyň dowamynda Türkiýeden 1 milliard ýewrolyk girdeji gazanmagy maksat edinýändikleri hakyndaky sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet 135 ýyldan bäri Türkiýede iş alyp barýandyklaryny we 45 ýyldan bäri hem Türkiýede önüm öndürýändiklerini aýdan Hammesiň, “80 ýurt Türkiýe bilen arabaglanşykly we şol sebäpli hem Stambul biziň üçin diýseň möhüm” diýen sözlerini ýatladýar.


“Hürriýet” gazeti türk markalaryň dünýäde gün saýyn güýçlenýändigini ýazýar.
Gazet taýar geýimden mebele çenli birnäçe ugurda dünýäde ýakyndan tanalýan türk markalarynyň 90 ýurtda 2951 dükanda satylýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet Birleşen Markalar jemgyýetiniň görkezijilerine görä şol sanyň üstümizdäki ýyl 3750-ä çenli baryp ýetjekdigini nygtaýar.
Gazet dükanlaryň 75 göteriminde taýar geýim markalarynyň satylýandygyny belleýär.
Gazet Russiýada 707 sany türk dükanynyň bardygyny ýatladýar.
Gazet sanawa görä iň köp türk dükanynyň Russiýadan soň Ukrainada, Gazagystanda we Azerbaýjanda bardygyny belleýär.


“Sabah” gazeti 18-nji mart Şehitleri hatyralama we Dardanel deňiz ýeňişiniň 100 ýyllygyna bagyşlanyp ýörite moda şouň görkezilendigini ýazýar.


Gazet Stambulyň Beýlerbeýi Sabanjy Kämilleşdiriş instituty bilen Çanakkale welaýat häkimliginiň goldaw bermeginde geçirlen “Parahatçylyk zamanynyň gelinleri” temaly moda şou üçin söweşde türk, iňlis, fransuz we anzak ofiserlerinin we piýadalarynyň geýen harby libaslarynyň bu gezek zenanyň göz nury we el hünäri bilen täzeden dikilendigine ünsi çekýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar