Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 06.03.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

250650
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 06.03.2015

“Star” gazeti “Oturan ýeriňizde garaýyş beýan etmek aňsat, emma siriýa üçin hiç hili meýilnamaňyz ýok” söz başyly habarynda Nýu Ýorkda saparda bolan Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň Türkiýäniň terrorçylyga garşy göreşe ýeterlik derejede goldaw bermeýändigi hakyndaky tankydy belliklere berk garşylyk görkezendigini ýazýar.

Gazet Dawutoglynyň “YSYSY 2013-nji ýylda terror guramasy hökmünde yglan etdik. Guramanyň kerwenini ilkinji gezek biz bombaladyk. Nýu Ýorkda ýada başga ýurduň paýtagtynda oturup garaýyş beýan etmek aňsat. Halkara jemgyýetçiliginiň ikinji däl eýsem birinji esasy meýilnamasy hem ýok” diýen sözlerini ýatladýar.
Gazet Dawutoglynyň Siriýa krizisinden Türkiýe ýaly ýaramaz täsirlenen başga ýurduň bolmandygyna, Türkiýä gelen bosgunlaryň sanynyň 2 milliona çenli baryp ýetendigine ünsi çekendigini belleýär.


“Sabah” gazeti “Uly çadyr şäherçe dabaraly ýagdaýda açyldy” söz başyly habarynda Şanlyurfa welaýatynyň Suruç etrabynda Kobaniden gaçanlar üçin gurlan 35 müň adamlyk çadyr şäherçäniň Prezident R. T. Erdoganyň aýaly Emine Erdogan tarapyndan dabaraly ýagdaýda açylandygyny habar berýär.
Gazet Emine Erdoganyn açylyş dabarasynda eden çykyşynda “Kobanililer Kobany ýaňadandan dikeldilýänçä biziň myhmanymyz. Söweş sebäpli esasan hem çagalar agyr günleri başdan geçirýär”diýendigini ýatladýar.
Gazet müň gekdarlyk meýdanda gurlan Türkiýäniň iň uly çadyr şäherçesinde 6500 maşgala üçin çadyryň, mekdebiň, oýun parklarynyň, sport zallarynyň we dükanyň bardygyny nygtaýar.


“Sabah” gazeti “Türkiýe dünýäniň çar tarapyna kömek berýär” söz başyly habarynda Türk hyzmatdaşlyk we ösüş edarasynyň 2008-2014-nji ýyllaryň aralygynda 6 ýylda 100-den gowrak ýurda jemi 766 million 288 müň dollarlyk kömek berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


“Watan” gazeti “Türkiýe krizis ýurdy däl” söz başyly habarynda Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň Nýu Ýorka guraýan saparynyň çäginde Amerikaly maýadarlara Türkiýede maýa goýmaklary barada çagyryş berendigini ýazýar.
Gazet Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň maýadarlara ýüzlenip eden çykyşynda “Türkiýe durnuklylyk adasy. ÝB we OECD-ä agza ýurtlaryň arasynda ykdysady taýdan uly ösüş eden ýurt. Hiç kim Türkiýede ykdysady krizisiň bardygyny aýdyp bilmez” diýen sözlerine ýer berýär.


“Ýeni Şafak” gazeti “Katarda türk harby bazasy gurlar” söz başyly habarynda Pars aýlag ýurtlary bilen Türkiýäniň arasynda soňky döwürde ýaňadandan ösmäge başlan syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň harby gatnaşyklara hem oňyn täsirini ýetirýändigini habar berýär.
Gazet ýakyn hyzmatdaşy Katar bilen harby şertnama baglaşan Türkiýäniň şertnama laýyklykda Katarda harby baza açyp biljekdigini nygtaýar.


“Milliýet” gazeti “Wimbledonda türk emin agza” söz başyly habarynda tenis dünýäsiniň iň uly bäsleşiklerinden biri hasaplanylýan Wimbledonda türk emin agza Esin Kyratlynyň hem iş alyp barjakdygyny ýazýar.
Gazet Kyratlynyň iýun aýynyň 22-si bilen iýul aýynyň 9-y aralygynda geçirljek bäsleşikde emin agza hökmünde iş alyp barjakdygyny ýatladýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar