Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 17.02.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

220765
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 17.02.2015


”Star” gazeti “Möwlana ylham berdi. Dünýäniň dürli künjegine gideris”söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdoganyň dünýä ikinjisi bolan potratçylara ýüzlenip çykyş edendigini ýazýar.
Gazet çykyşynda Kolumbiýa, Kuba we Meksika guran saparlaryna ünsi çekendigini we potratçylary dünýä ýurtlary bilen tanyşdyrmaga dowam etjekdiklerini gürrüň beren Prezident Erdoganyň “Sapar guraýan ýurtlarymyza işewür adamlary bilen birlikde gidýäris. Gidilmedik ýurt galmaz”diýendigini ýatladýar.
Gazet Prezident Erdoganyň “dünýäniň iň uly 250 potratçysy” sanawynda ýer alýan 42 türk firmasyna baýrak gowşurandygyny belleýär.


“Haber Türk” gazeti Germaniýada neşir edilýän hepdelik habar žurnali Fokusyň “Yslam dini bilen Germaniýanyň arasyndaky arabaglanşyk” temaly makala ýer berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet 13 sahypalyk makalada musulman jemgyýetleriniň tanyşdyrlandygyny, jemgyýetleriň wekilleriniň we žurnalistleriň garaýyşlaryna, şeýle hem Yslam dininiň Germaniýa bap gelip gelmeýändigi baradaky habarlara ýer berlendigini nygtaýar.
Gazet makalada Yslama garşy berk tutum alyp alyp barýan rassist PEGİDA hereketiniň zeper ýetiriji hereketlerine hem üns çekilendigini belleýär.


“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe iş güýji taýdan ÝB-ne agza 17 ýurtdan öňde, Türkiýedäki ýaş işsizleriň sany hem ÝB-den az” söz başyly habarynda, Türkiýede 2014-nji ýylyň noýabr aýynda 19,9 hökmünde hasaplanan ýaş işsizleriň sanynyň ÝB-n agza käbir ýurtlardan has azdygyny ýazýar.


“Watan” gazeti “Türkiýe BRİK ýurtlaryndan has gowy” söz başyly habarynda Fitç Ratings kredit derejelendiriş guramasynyň başlygy Paul Rawkinsiň Türkiýe hakyndaky öwgüli sözlerine ýer berýär.
Gazet Paul Rawkinsiň Türkiýäniň ykdysady görkezijileriniň BRİK ýurtlary hökmünde bilinýän Braziliýa, Russiýa, Hindistan we Hytaý bilen deňeşdirilende has gowydygyny nygtalandygyny, infilýasiýanyn üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli 6,5, 2016-njy ýylda bolsa 5,5 göterime çenli aşaklamagyna garaşylýandygy baradaky sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


“Sabah” gazeti Mugla welaýatynyň Ula etrabynda ýerleşýän tebigy jennet hökmünde bilinýän 20 kilometr uzynlygyndaky “Keýik kanýonynyň” syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýändigini ýazýar.
Gazet hepdäniň ahyrynda kanýona gezelenje gelen Muglanyň fotosurat we kino film jemgiýetine agza 80 adamlyk toparyň, kanýonyň deňiz taýsyz gözellige eýe bolan şaglawuklaryny, ululy-kiçili gowaklaryny, seýrek gabat gelýän ösümlerini we ýabany geçilerini surata düşürendigini nygtaýar.


“Milliýet” gazeti “Ýewropa Snowboard çempionady Kaýseride geçirildi” söz başyly habarynda Kaýseri welaýatynyň Erjiýes dagynyň Ýewropa Snowboard çempionadyna ýer eýeçiligini edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet Türkiýede ilkinji gezek geçirilen Ýewropa Snowboard çempionadyna 8 ýurtdan 44 sportçynyň gatnaşandygyny belleýär.
Gazet fewral aýynyň 14-15-i aralygynda çempionatda erkekleriň arasynda İtaliýanyň, zenanlaryň arasynda bolsa Şwesiýanyň birinji orny eýeländigini ýatladýar.
Gazet Kaýseriniň ozalky şäher häkimi Mehmer Özhaseliniň “Erjiýesiň Kaýseri bilen birlikde ösmegi üçin Erjiýes dagyna 150 million ýewrolyk maýa goýduk” diýen sözlerine ýer berýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar