Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 12.02.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

217215
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 12.02.2015

“Sabah” gazeti MAK firmasy tarapyndan Türkiýäniň çar tarapynda geçirlen sowalnamanyň täsin netijeleri hakyndaky habarlara ýer berýär.

Gazet sowalnama gatnaşyjylaryň ýarysyndan gowragynyň ýagny 54 göteriminiň prezident ulganyna geçirilmegini islemeýändigini ýazýar.
Gazet sowalnama gatnaşyjylaryň esasy böleginiň ýagny 65 göteriminiň bolsa konstitsiýanyň täze tekstiniň taýarlanmagyny isleýändigine aýratyn ünsi çekendigini belleýär.


“Ýeni Şafak” gazeti “Yslamafobi gyrgynçylygy” söz başyly habarynda Günbatarda hökümetler we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan meçew berlen Yslamafobiniň ABŞ-da gyrgynçylyga sebäp bolandygyny habar berýär.
Gazet Demirgazyk Korolina ştatynda 3 musulman ýetginjegiň öýlerinde ýaragly hüjüme sezewar bolandygyny nygtaýar.
Gazet ýaragly hüjümde öldürlen ýaşlar hakyndaky jenaýat barada bolsa Amerikan hökümeti bilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň biperwaý çemeleşendigini ýatladýar.
Gazet jenaýatda ýogalan Ýusor Deah we Razanyň palestinaly we siriýaly çagalar üçin ýardam kompaniýalaryny alyp barandygyny we öýsüz öwzarsyz amerikaly 75 adama kömek berendigini ýatladýar.


“Star”, “Sabah” we “Haber Türk” gazetleriniň hem jenaýat baradaky habarlara giňişleýin ýer berendigini ýazýar.
Gazet “Star” gazetiniň mesele barasyndaky habaryny “İki ýüzli Çarlieler”, “Sabah” gazetiniň “ABŞ-nyň biperweý jemeleşen gyrgynçylygy”, “Haber Türk” gazetiniň bolsa “Musulman öldürlende habar bolmaýar” söz başysy bilen okyjylarynyň dykgatyna ýetirendigini belleýär.


“Hürriýet” gazeti “7 ýylyň rekordy” söz başyly habarynda awtomobil önümçiliginiň 2015-nji ýyla 37 göterimlik ösüş bilen başlandygyny habar berýär.


“Haber Türk” gazeti köp tiražly Jelle medisina žurnalynyň Stambulyň Biruni uniwersiteti hakyndaky habarlara ýer berendigini ýazýar.
Gazet uniwersitetiň rektory Adnan Ýükseliň Siriýanyň başda duragynda Yrakda we Eýranda 3 ýylyň dowamynda saglygy goraýyş taýdan iş alyp barmaga başlajakdyklary hakyndaky sözlerine ünsi çekýär.


“Haber Türk” gazeti “Türkiýäniň ýyldyzy Arda Turan” söz başyly habarynda türk futbolçy Arda Turanyň Ýewropa ýurtlarynyň ünsüni özüne çekmäge dowam edýändigini ýazýar.
Gazet Fransiýada, Golandiýada we İspaniýada futbol janköýerleriniň ünsüni özüne çekýän Arda Turan barada ýörite sowalnamalaryň geçirlendigini ýatladýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar