Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 07.02.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

213545
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 07.02.2015

“Watan” gazeti “Türkiýe 27 ýyl soň ilkinji goly goýdy” söz başyly habarynda Halkara iş guramasynyň 1988-nji ýylda kabul edilen we 1991-nji ýylda güýje giren 167 belgili gurluşyk işlerinde howpsyzlyk we saglygy goraýyş şertnamasynyň Türkiýe tarapyndan hem tassyklanandygyny ýazýar.

“Sabah” gazeti “Ministr Elwadan buşlykly habar” söz başyly habarynda Aragatnaşyk, deňizçilik we transport ministri Lütfi Elwanyň gurluşygy dowam edýän Ordu-Giresun howa menziline baryp görendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet gurluşygy dowam edýän howa menzilinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beýanat beren ministr Elwanyň Ordu-Giresun howa menziliniň dünýäde deňizin üstünde gurlan üçinji howa menzili boljakdygyna aýratyn ünsi çekendigini belleýär.
Gazet dünýäde görelde hökmünde görkeziljek howa menziliniň gurluşygynyň tamamlanyp barýandygyny aýdan Ministr Lütfi Elwanyň “howa menziliniň uçuş meýdançasynyň 3 müň metrdigi we ähli görnüşdäki uçarlaryň gonmagy üçin amatlydygy” hakyndaky sözlerini ýatladýar.


“Milliýet” gazeti “Turkish kargo täze maýa goýumlar bilen ulalýar” söz başyly habarynda Türk Howa Ýollaryna degişli markalardan biri hökmünde iş alyp barýan Turkish Kargonyň ýagny türk ýük gatnaw firmasynyň täze terminalynda maýa goýumlarynyň depginini güýçlendirendigini habar berýär.
Gazet terminalda 39 ammar bilen birlikde sowuk howa ammarynyň, haýwanlar üçin aýry otaglaryň, howply maddalar we beýleki ýükler üçin hem aýry-aýry ammarlaryň bardygyny belleýär.
Gazet Turkish kargonyň 108 ýurtda 260-dan gowrak merkeze ýük gatnadýandygyny we Türk Howa Ýollarynyň 253 ýolagçy uçarynyň ýük daşamak mümkinçiliginden hem giňden peýdalanýandygyny nygtaýar.


“Ýeni Şafak” gazeti “Türk ýazyjysy Seligman edebiýat baýragyna eýe boldy” söz başyly habarynda Fransiýada rassisme garşy göreü üçin berilýän 2014 Seligman edebiýat baýragynyň şu ýyl türk ýazyjysy Sema Kylyçkaýa berlendigini ýazýar.
Gazet Kylyçkaýa baýragyny Sorbonne uniwersitetinde geçirlen baýrak gowşurylyş dabarasynda Seligman gaznasynyň başlygynyň aýaly, ozalky ministri Pierr Žoksyň gowşurandygyny nygtaýar.
Gazet ýazyjy Kylyçkaýanyň “Gumanizm we hoşniýetlilik ýaly gymmatlyklary goraýan gazna tarapyndan berilýän baýraga laýyk görlendigim üçin özümi bagtly hasap edýärin” diýen sözlerini ýatladýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar