Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 06.02.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 06.02.2015

“Star” gazeti “YSYS-yň wagşyçylygyna garşy göreş” söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdoganyň İordan Şasy Abdullaha telefon edip, YSYS tarapyndan zamun alnandan soň ýakylyp öldürlen uçarman Muaz Al Kesasibe üçin gynanç bildirendigini ýazýar.

Gazet iki lideriň telefon söhbetdeşliginde terrorçylyga garşy tutanýerli göreşiň alnyp barylmagynyň ähmiýeti we Siriýada Asadyň zulumyna garşy hyzmatdaşlyk edilmegi barada hem pikir alyşandygyny ýatladýar.


“Hürriýet” gazeti “Türkiýä öňbaşçy güýç teklip edildi” söz başyly habarynda NATO-nyň täze 6 sany dolanşyk merkezini we ýokary mümkinçiliklere eýe öňbaşçy güýç döretjekdigini habar berýär.
Gazet öňbaşçy güýç üçin Türkiýeden kömek soralandygyny emma resmi Ankaranyň heniz anyk karar kabul etmändigini belleýär.


“Ýeni Şafak” gazeti “ÝB ösüş çaklamasyny artdyrdy” söz başyly habarynda Ýewropa Bileleşigi Komissiýasynyň Türkiýäniň 2015-nji ýyl üçin ösüş çaklamasyny 3,3 göterimden 3,7 göterime çykarandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


“Watan” gazeti “General merkez hökmünde Türkiýäni saýlap aldy” söz başyly habarynda 25 ýyldan bäri Türkiýede distribýuterlar arkaly önümlerini satýan dünýäniň iň uly sowadyjy firmalaryndan biri bolan General firmasynyň Türkiýede öz firmasyny açmak barada karar kabul edendigini mälim edýär.
Gazet firmanyň Türkiýe boýunça dolanşyk geňeşiniň başlygy Toshiýasu Ohnonyň “Türkiýe bazary çalt depginde ösýär. Biz hem şol sebäpli Türkiýede firma açmak we sebitdäki güýjümizi artdyrmak isleýäris”diýen sözlerini ýatladýar.


“Haber Türk” gazeti Atatürk we Sabiha Gökçen howa menzilleriniň ýolagçy gatnawy taýdan öz ugurlary boýuna 2014-nji ýylda iň köp ýolagça hyzmat eden howa menzillerinden biri bolandygyna ünsi çekýär.
Gazet Ýewropa Halkara howa menzilleri geňeşi tarapyndan geçirlen ylmy barlaga görä 25 million ýolagça hyzmat eden howa menzilleriniň arasynda Stambulyň Atatürk howa menziliniň ýolagçy gatnawy taýdan 10,6, 10-25 million ýolagça hyzmat eden howa menzilleriniň arasynda Sabiha Gökçen adyndaky howa menziliniň bolsa 25,4 göterim ösüş edendigini belleýär.


“Sabah” gazeti 1890-njy ýylda Ýaponiýada batan türk fyrkady Ertugrulyň hekaýasyna laýlykda kino filmiň surata düşürilýändigini ýazýar.
Gazet bir bölegi Ýaponiýada surata düşürlen kino filmiň ikinji böleginiň mart aýynda Stambulda surata düşürilmäge başlanjakdygyny nygtaýar.
Gazet gymmaty 12 million türk lirasyna barabar bolmagyna garaşylýan kino filmiň üstümizdäki ýylyň ahyrynda kino söýüjileriň dykgatyna hödürlenjekdigini belleýär.


 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar