Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 30.01.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

202741
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 30.01.2015



“Star” gazeti “Erdogan: Sorasaňyz Ermenistanyň ýerini görkezip bilmezler diýdi” söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdoganyň toslama ermeni genosidi barada çagyryş berendigini ýazýar.
Gazet “Ermeni diasporasy dartgynlyk emele getirmäge dowam edýär. Türkiýe bilen dartgynly etaby dowam etdirmek isleýärler. Kimdir biriniň islegi sebäpli toslama emeni genosidini kabul etmäge mejbur däldiris. Eger içgin bolsaňyz geliň meseläni taryhçylara goýalyň, resminamalaryň üstünde işlesinler we bize habarnamalaryny hödürlesinler, soň bolsa syýahatçylar hökmünde biz meseläni ara alyp maslahatlaşalyň” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


“Akşam” gazeti “Türkiýe bolmadyk bolsady Aş Şebab yzyna serpikdirlip bilinmezdi” söz başyly habarynda Afrika başlangyjy bilen dünýäniň ünsüni özüne çeken Türkiýäniň Somala berýän kömekleriniň Ýewropanyň gün tertibinde esasy orun eýelemäge başlandygyny habar berýär.
Gazet Türkiýäniň iň köp kömek beren Afrika ýurtlaryndan biri bolan Somaliniň Prezident Hasan Şyh Muhammediň Şweýsariýada çap edilýän Neu Zürçer Saýtung gazetine beýanat berendigini nygtaýar.
Gazet beýanatynda Türkiýe baradaky öwgüli sözler aýdan Somaliniň Prezidentiniň “Hökümete garşy söweşýän Aş Şebaby Türkiýäniň beren goldawlary bilen yzyna serpikdirdik. Ýurdumyzda diňe türk hünärmenleri gorkman isleýär” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


“Watan” gazeti “Dünýäniň ünsüni özüne çekýan lider Frakiýaly” söz başyly habarynda Gresiýada geçirlen möhletinden irki umumy saýlawlarda üstünlik gazanyp hökümeti guran we Gresiýanyň Premýer ministr hökmünde bellenen Aleksis Çiprasyň aslynyň Frakiýalydygyny ýazýar.
Gazet gazanan üstünligi bilen dünýä ýurtlarynyň ünsüni özüne çeken radikal çepçi Syriza partiýasynyň 40 ýaşyndaky ýaş lideri Aleksis Çiprasyň Kyrklareli welaýatynyň Babaeski etrabyndan Gresiýa göçüp giden maşgalanyň agtygydyna ünsi çekýär.
Gazet 2010-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda Edirnä gelen Çiprasyň Babaeskiden göçen maşgalanyň agtygydyny şol sebäpli hem Frakiýada mahaly özüni dogduk diýarynda ýaly duýýandygy hakyndaky sözlerini ýatladýar.


“Haber Türk” gazeti “Stambuldan Bolgariýa tizligi ýokarlandyrlan otly saparlary” söz başyly habarynda Aragatnşyk, deňizçilik we transport ministri Lütfi Elwanyň “Biz şu ýyl Stambuly Bolgariýa serhedi we Edirne Kapukule bilen birleşdirjek täze tizligi ýokarlandyrlan otly saparlary taslamasynyň üstünde işleýäris” diýen sözlerine ýer berýär.


“Sabah” gazeti “Awstraliýanyň Oskary Ýylmaz Erdogana” söz başyly habarynda Ýylmaz Erdoganyň “Soňky umyt” filmindäki roly bilen “iň gowy kömekçi erkek aktýor” kategoriýasy boýunça Awstraliýanyň AAJTA baýragyna laýyk görlendigini ýazýar.
Gazet Medeniýet we syýahatçylyk ministti Ömer Çeligiň “iň gowy kömekçi erkek aktýor” kategoriýasy boýunça baýrak alan Ýylmaz Erdogany gutlandygyny belleýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar