Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 23.01.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutuluýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 23.01.2015

“Star” gazeti “Hammond: “Türkiýe ajaýyp işleriň hötdesinden gelýär” söz başyly habarynda, Britaniýanyň daşary işler ministri Filip Hammondyň terror guramasy YSYS-yň hataryna goşulmak üçin Siriýa gitmek isleýän adamlaryň saklanmagy meselesinde Türkiýäniň üstünlikli işleýändigini nygtap, “Serhediň ýerleşişi sebäpli doly netije alynyp bilinmez, türk premýer ministri bu meselede doly mamla” diýdi.
“Sabah” gazeti “Türkiýäniň ÝUNESKO sapary” söz başyly habarynda, medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Haluk Dursunyň Parižde ÝUNESKO-nyň merkezinde doklad bilen çykyş edendigini nygtaýar. Gazet ministrligiň medeni baýlyklara berýän ähmiýetini gürrüň berip, dünýä mirasynda Türkiýäniň eýeleýän orny, Türkiýedäki ÝUNESKO-nyň Dünýäniň miras sanawyna degişli edilen eserler, ministrligiň taryhy we medeni baýlyklar boýunça alyp barýan işleri barada giňişleýin maglumat berendigini ýazýar.
“Hürriýet” gazeti “Siriýaly zenanyň hyýaly hakykata öwrüldi” söz başyly habarynda, siriýalylaryň bolýan Şanlyurfa welaýatynyň Suruç mekdebinde ýaşaýan 54 ýaşly maýyp zenana etrap häkimi Abdullah Çiftçiniň görkezmesine laýyklykda protez aýak dakylandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda protez aýagyna gowuşan siriýaly zenanyň “Maňa şu bagtyýarlygy başdan geçirden we bize gujak açan Türkiýe Respublikasyna, onuň halkyna sagbolsun aýdýaryn” diýen sözleri ýerleşdirilýär.
“Milliýet” gazeti “Günden pul ýagar” söz başyly habarynda, soňky ýyllarda energetika pudagynda daşarky garaşlylygy azaltmak üçin Türkiýede ýerli we gaýtadan işenip bilinýän energiýa potensialyndan peýdalanmak ugrunda alynyp barylýan işleriň depginiň ýokarlaýandygy, Günüň ýagtylygyndan peýdalanma möhleti uzak bolan Türkiýäniň gün energiýasyndan elektrik toguny öndürmek taýdan-da diýseň uly mümkinçilige eýedigine ünsleri çekýär. Gazet şol çäkde günüň şöhlesinden iň köp peýdalanylýan welaýatlardan biri bolan Şanlyurfada gün energiýasy bekediniň guruljakdygyny ýazýar.
“Haber Türk” gazeti “Galatasaraý ägirtleriň sanawynda” söz başyly habarynda, Deloittänin 2013-2014-nji ýyllardaky reklamalara görä taýarlan “Futbol pul ligasy” habarnamasynda Real Madridiň yzly yzyna 10 gezek iň ýokary girdeji gazanan klub bolandygyny, Türkiýeden Galatasaraýyň 161,9 ýewro girdeji bilen şol sanawa degişli bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar