Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 22.01.2015

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

194305
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 22.01.2015

“Akşam” gazeti Nobet baýragynyň laureaty, meşhur ykdysatçy Žozf Stiglitziň Türkiýäniň ykdysady taýdan özbaşdak ösmek ýolunda öňe barýandygyny aýdandygyny ýazýar. Gazet Hytaýyň Afrikada baýamagynyň Türkiýe üçin bähbitlidigini aýdan Stiglitziň Türiýäniň Afrikada eýeleýän pozisiýasynyň güýçlenjekdigini aýdandygyna ünsleri çekýär. Habarda Stiglitziň “Özgerýän geosyýasy şertlere görä Türkiýe 2015-nji ýylyň iň şowly ýurtlaryndan biri bolup biler” diýen sözleri ýerleşdirilýär.
“Sabah” gazeti “Dünýäniň iň uly gümrük satuw pawionlary Stambulda açylar” söz başyly habarynda, gurluşy dowam edýän üçünji howa menzilinde 120 million ýewro maýa goýum bilen dünýäniň iň uly duti fri desgasynyň guruljakdygyny, jemi 53 müň inedördül metr meýdana eýe boljak dükanlaryň 400-den gowrak markany özünde birleşdirjekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda 7 müň adamy iş bilen üpjün etjek dikanlarda ýokary amatlykly söwda ulaglary ýaly köp sanly täze tehnologiýanyň ulanmaga berilmeginiň göz öňünde tutulýandygy mälim edilýär.
“Hürriýet” gazeti “Daşary ýurtlylaryň ýeňillik bilen öý alýan ýerleri” söz başyly habarynda, Türkiýede daşary ýurtlylaryň iň köp ýaşaýyş jaýyny alan 10 şäheriniň 9 sanysynyň kenarýaka şäherleridigini ýazýar. Gazet daşary ýurtlylaryň esasan Antalýa, Stambul, Aýdyn ýaly şäherlere isleg bildirendigini, 10 şäherde deňize kenary bolmadyk ýeke-täk şäherin Ankaradygyna ünsleri çekýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “TÜRKOK” dünýä umyt bolar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Ýarym gyzylaý jemgyýetiniň we saglygy goraýyş ministrliginiň gol çekişen teswirnamasyna laýyklykda maşgala agzalarynyň arasynda gan berip bilmeýän leýkemiýa hassalary üçin umyt döredýän Türkiýäniň Öýjük Koordinasiýa Merkezi taslamasyny durmuşa geçirýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet daşary ýurtlardaky öýjük koordinasiýa merkezleri bilen aragatnaşyk saklajak TÜKOK arkaly birinji ýylyň dowamynda 65 müň meýletiniň tapylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny ýazýar.
“Milliýet” gazeti “Abu Dabiniň howa menzili TAW-a amanat” söz başyly habarynda, Türkiýede iş alyp barýan “TAW Bilişim” firmasynyň gurluşygy tamamlanandan soň dünýäniň bir merkezdäki iň uly terminaly boljak Abu Dabiniň howa menziliniň Midfield terminal binasy üçin yglan edilen aragatnaşyk tehnologiýalary tenderinde üstün çykandygyny mälim edýär. Gazet “TAW Bilişim” firmasynyň alan 50 million dollarlyk tenderine terminalyň ähli maglumatlar infrastrukturasynyň grafika, gurluşyk we goldaw beriji hyzmatlarynyň degişlidigini nygtaýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar