Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 21.01.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslen döredýär

192834
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 21.01.2015

“Hürriýet” gazeti “Ýüzýän şertnama” söz başyly habarynda Energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyzyň Yragy elektrik togy bilen üpjün etjek täze desganyň guruljakdygy hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Gazet ministr Ýyldyzyň “Häzir bir firmamyz Pars aýlagyndaky üç elektrik gämisinden Yraga jemi 250 megawatlyk elektrik togyny berýär. Ýene-de şol firma tarapyndan 410 megawatlyk täze desga gurlar. Taslama bilen baglanşykly gepleşikler dowam edýär. Şeýlelikde türk firmasy tarapyndan Yraga jemi 660 megawatlyk elektrik togy berler” diýendigini ýatladýar.


“Akşam” gazeti Stambulyň halkara maliýe merkezi ýagdaýyna gelmegi üçin uly tagalla edilýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet geçen ýyl NASDAO bilen şertnama baglaşyp Ýewraziýanyň maliýe pudagynda ýer alan Stambulyň gymmatly kagyzlar biržasynyň bu gezek Ýewropanyň bazarlarynda esasy orun eýelemek üçin Londonyň gymmatly kagyzlar biržasy bilen şetnama baglaşandygyny mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti “Dünýäniň iň gowy habary mekdepleri” söz başyly habarynda Global Firepower İndeksiň 2014-nji ýylyň iň güýçli ýaragly güýçleri sanawyna esaslanyp taýarlanan “Dünýäniň iň gowy harby mekdepleri” sanawynda Türkiýäniň Gury ýer, howa we deňiz akademiýalary bilen ýer alandygyny ýazýar.
Gazet Türkiýäniň 35 ýurtdan ybarat sanawynda 8-nji orny eýeländigini belleýär.


“Star” gazeti “Türk Howa Ýollaryndan taryhy üstünlik” söz başyly habarynda Dünýäniň iň gowy howa ýoly firmalaryny kesgitlemek üçin internet arkaly syýahat firmasy Dreams tarapyndan geçirlen sowalnamada THÝ-nyň ilkinji 10 firmanyň arasynda 5-nji orny eýelemegi başarandygyna ünsi çekýär.
Gazet sowalanama gatnaşyjylara Ýewropada 90 müň ýolagça howa ýoly firmasy barada ýolagçylara hödürlenýän hyzmatlar bilen bagly soraglaryň berlendigini ýatladýar.


“Ýeni Şafak” gazeti “Türk zeýtun ýagy Hindistanda tanyşdyrlar” söz başyly habarynda Zeýtun we Zeýtun ýagy tanyşdyrylyş komitetiniň Hindistanyň zeýtun ýagy importynda esasy orun eýelemegi maksat edinýändigini ýazýar.
Gazet komitet tarapyndan berlen beýanata görä 2015-nji ýylyň ýanwar aýynyň 22-24-i aralygynda Hindistanyň Bombeý şäherinde geçiriljek ýarmarkada türk zeýtun ýagynyň tanyşdyryljakdygyny nygtaýar.
Gazet Türkiýäniň geçen ýyl Hindistana 151 tonna zeýtun ýagyny eksport edendigini ýatladýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar