Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 01.01.2015

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

167788
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 01.01.2015

“Milliýet” gazeti “Sidneýde şatlyk, Jakartada ýas” söz başyly habarynda dünýäde täze ýylyň uly joşgun bilen garşylandygyny ýazýar.

Gazet täze ýyly her ýyl bolşy ýaly şu ýyl hem Kiribati we Samao adalarynyň ilkinji garşy alandygyny belleýär.
Gazet täze ýyla gadam basan İndoneziýanyň paýtagty Jakartada bolsa Aziýa howa ýollaryna degişli ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy sebäpli uçar heläkçililiginde ýogalanlar üçin ýas tutulandygyny nygtaýar.


“Ýeni Şafak” gazeti “ABŞ bilen Awstraliýa garşy ses berdi” söz başyly habarynda Ysraýylyň Palestinada basyp alan ýerlerinden çekilmegini we paýtagty Gündogar İerusalym bolan garaşsyz Palestina döwletiniň gurulmagyny göz öňünde tutýan BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň taslamasynyň ABŞ-nyň wetosy sebäpli kabul edilmändigini ýazýar.
Gazet taslamasynyň BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde kabul edilmändigi sebäpli palestinalylaryň täze ýyla gamly girendigini nygtaýar.
Gazet kabul edilmedik taslamanyň Ýakyn Gündogarda 12 aýda parahatçylygyň ýola goýulmagyny we Ysraýylyň basyp alan ýerlerinden 2017-nji ýylyň ahyryna çenli çekilmegini göz öňünde tutandygyna ünsi çekýär.


“Watan" gazeti “Kabulyň howa menzili bize amanat” söz başyly habarynda Türkiýäniň ýaragly güýçleriniň Owganystanyň paýtagty Kabuldaky halkara Hamid Kerzeý howa menziliniň serkerdeligini Fransiýadan kabul edip alandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet howa menziliniň täze serkerdesi Mehmet Jahit Bakyryň Türkiýäniň, NATO-nyň öz üstüne alan jogapkärçilikleriniň çäginde howpsyzlygyň ýola goýulmagyna uly goşant goşandygy hakyndaky sözlerini ýatladýar.


“Ýeni Şafak” gazeti “2015-nji ýylda milli girdeji 11 müň dollar” söz başyly habarynda Halkara Pul gaznasy İMF-niň Türkiýänin 2015-nji ýylda adam başyna düşýän milli girdejisiniň 11 müň dollara ýetmegine garaşýandygyny habar berýär.
Gazet Türkiýäniň şol san bilen ýewro sebitinde girdejisini iň köp ýokarlandyran ýurtlardan biri boljakdygyny ýatladýar.


“Star” gazeti Türkiýäniň 2014-nji ýylyň 1-nji dekabrynda G-20-niň döwürleýin ýolbaşçylygyny öz üstüne alandygy sebäpli ykdysadyýetde 2015-nji ýylyň gün tertibinde 1 ýyl dowam etjek taryhy wezipe baradaky işleriň esasy orun eýelejekdigini ýazýar.
Gazet dünýäniň ösen 20 ýurdundan ybarat G-20 maslahatlarynyň çäginde halkara meseleleriň 1 ýylyň dowamynda Türkiýede ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belleýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar