Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 24.12.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutuluýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

158153
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 24.12.2014

“Watan” gazeti “Türkiýe üçin möhüm habarnama” söz başyly habarynda, Bütindünýä bankynyň nebitiň nyrhyndaky aşaklamanyň Türkiýäniň ykdysadyýetine ýetirýän täsiriniň uly mukdardadygynyň nygtalýandygyny ýazýar. Gazet Bütindünýä bankynyň Dekabr aýy boýunça kesgitli bahalandyrma habarnamasynda energetikanyň importynyň nyrhlaryndaky wertikal aşaklama dowam eden halatynda Türkiýede 2015-nji ýylda has güýçli ösüşi, daşarky pozisiýadaky gowulanmany we infilýasiýanyň aşakladylmagyny goldajakdygyna üns çekilýändigini mälim edýär.
“Sabah” gazeti “Türkiýe global çökgünligi pursada öwürdi” söz başyly habarynda, Birža Stambulyň dolandyryjy geňeşiniň başlygy we baş müdiri İbrahim Tarhanyň 2007-2008-nji ýyllarda başlan global maliýe çökgünliginiň Türkiýe üçin pursada öwrülendigine ünsi çekip, maliýe çökgünliginiň dowamynda Türkiýäniň ykdysadyýetiniň synagdan üstünlikli geçendigini, dünýäniň ösen ýurtlarynyň uly durnuksyzlyklary başdan geçiren döwründe Türkiýäniň ykdysadyýetiniň 2009-njy ýylda görülen wagtlaýyn aşaklamadan soň gysga möhletde düzelendigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Radikal” gazetiniň internet saýtynda “Ýaşaýyş jaý satuwlary noýabr aýynda 1,1 göterim artdy” söz başyly habarynda, Türkiýe boýunça ýaşaýyş jaýlarynyň satuwynyň noýabr aýynda 1,1 göterim artyp, 103,783-e ýetendigini mälim edýär. Gazet noýabr aýynda daşary ýurtlylara 549 sanysy Antalýada, 500 sanysy Stambulda, 103 sanysy Ýalowada, 86 sanysy Aýdynda, 86 sanysy Bursada, 80 sanysy Sakarýada we 69 sanysy Muglada bolmak bilen jemi 1687 ýaşaýyş jaýynyň satylandygyny ýazýar.
“Akşam” gazeti “Dünýäniň koordinatlarynyň başlangyç nokady Grinjiç däl, Stambul ekeni” söz başyly habarynda, Wizantiýa, Rim we Osman döwürlerinin medeniýet, taryh we söwda merkezi bolan Stambuldaky Soltan Ahmet Meýdanynyň mundan 116 ýyl ozalam dünýäniň koordinatlarynyň başlangyç nokady hökmünde kabul edilýändigini we dünýäniň Stambulyň gündogary hem-de günbatary hökmünde ikä bölünýändigini okyjy köpçüligine mälim edýär. Gazet kartalaryň şoňa görä düzülýändigini, sagatlaryň şoňa görä öndürilýändigini, ugurlaryň hem şoňa laýyklykda kesgitlenýändigini nygtaýar.
“Star” gazeti “Bütin dünýäniň gözi Eskişehirde” söz başyly habarynda, Eskişehirde Anadoly uniwersiteti tarapyndan guruljak we Milli reslýesli ulgamlaryň kämilleşdiriş merkezinde tizligi ýokarlandyrylan otlular bilen birlikde Balkan we Ýewropa ýurtlaryna çenli köp sanly ýurduň otlularynyň synagdan geçiriljekdigine ünsleri çekýär. Habarda bahar aýlarynda düýbi tutuljak merkeze dünýäniň dürli ýurtlaryndan uly gyzyklanmanyň bardygy mälim edilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar