Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

151216
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Akşam” gazeti “Ministr Taner Ýyldyz: Höweslendirmeris” söz başyly habarynda, häzirki wagta çenli ýeterlik mukdarda tebigy gaz bekediniň gurlandygyny aýdan energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyzyň “Häzirki wagta çenli lisenziýa berilenlerden tebigy gaz bekedini gurmak isleýänleriň öňi alynmaz. 2012-nji ýylyň iýun aýyndan ozal höweslendiriş alanlaryň höweslendirişi alynmaz. Bu biziň maýadara beren kepilnamamyz taýdan möhüm. Emma täze tebigy gaz beketleriniň gurulmagyny höweslendirmeýäris” diýen sözlerini çap edýär.
“Sabah” gazeti “BMG Türkiýäniň adyna öwgüli sözler” söz başyly habarynda, BMG-nyň Bosgunlar baradaky ýokary komissarlygynyň Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika boýunça bölüm müdiri we bosgunlar baradaky sebitleýin utgaşdyryjysy Emin Awadyň siriýaly bosgunlar bilen baglylykda “Türkiýe uly täsir galdyryjy adatdan daşary işleri durmuşa geçirýär” diýen sözlerine ünsleri çekýär. Gazet Türkiýä gelen siriýalylaryň gündelik durmuşlaryny kadaly dowam etdirýändigini nygtan Awadyň “Köp sanly bosgun uzak möhletden bäri bärde. İşler kadaly, ulgamlaýyn we netijeli dowam edýär. Lageriň daşynda galanlar bellige alynmaga dowam edilýär. Türkiýäniň bu meselede kadaly ulgama eýedigini aýtmak isleýär” diýendigini ýazýar.
“Milliýet” gazeti “Taksi sürüjilerine psihiki goldaw seminary” söz başyly habarynda, Stambulyň Taksijiler birleşmesiniň şäherdäki ähli taksi sürüjilerine işleriniň dowamynda gabat gelinýän kynçylyklary aňsatlyk bilen ýeňip geçmekleri üçin psihiki tälim beriljekdigini mälim edýär. Stambulyň Taksijiler birleşmesiniň 18-nji dekabrda başlajak akademiki özboluşlykly seminarynda uzak möhletli ýol gatnawynda bolup, ýokary basyşa sezewar bolýan sürüjilere beriljek tälim arkaly sürüjileriň çekýän ýitgilerinin azaldylmagynyň göz öňünde tutulýandygyna üns çekilýär.
“Star” gazeti “Rokçy ymamyň täsirinde galdy, musulman boldy” söz başyly habarynda, geçen ýyl Berlinde gatnan kurhan kursynda “fatiha” süresiniň manysyny öwrenen şwesiýaly hormatly dynç alyşdaky matematika prfessory 66 ýaşly Ketrin Krister Roberta Henniksiň soň Antaliýanyň Kaş etrabyna gelip “Rokçy ymam” ady bilen meşhur bolan ymam Ahmet Muhsin Tüzerden gurhan we süreleri öwrenendigini, yslam dinini gowy öwrenenden soň bolsa musulmanlygy ykrar edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar