Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 09.12.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

141878
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 09.12.2014

“Star” gazeti “Taner Ýyldyzyň nebit baradaky beýanaty” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyzyň Alžirden çig nebit bilen birlikde nebit önümleriniň satyn alynmagy barada pikir alyşandyklaryny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Alžiriň Energetika we magdan ministri Ýusuf Ýusufi bilen geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynda soraglara jogap beren Taner Ýyldyzyň “Alžirden 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlan 10 ýyl möhlet bilen alynjak ýyllyk 4-4,5 milliard kub metrlik LNG-niň mukdary ýanwar-fewral aýlarynda artar” diýendigini ýazýar.


“Sabah” gazeti “Stambul halkara maliýe ligasynda çaltlyk bilen ýokarlaýar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň tebigy maliýe merkezi bolan Stambulyň sebitiň maliýe serişdeleriniň jemlenmegi we ýene-de şol sebitlere gönükdirilmegi taýdan esasy merkez potensialynyň bardygyna ünsleri çekýär. Habarda şäheriň 2009-njy ýylda Global maliýe merkezleriniň indeksinde 72-nji ýeri eýelän bolsa, 2014-nji ýylda 633 reýting alyp, 47-nji ýere çykandygy, 2018-nji ýylda bolsa 25-nji ýeri eýelemegine garaşylýandygy mälim edilýär.


“Ýeni Şafak” gazeti “Türk göwheri rekorddan rekorda ylgaýar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň göwher eksportynyň noýabr aýynda 117 göterim artyş bilen rekord goýandygyna ünsleri çekýär. Göwher Eksportçylary bileleşiginiň görkezijilerine görä 2014-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlaryndaky altyn şaý-sep eksportynyň geçen ýylyň şol döwrüne görä 31,88 göterim artyp, 2,7 milliard dolara barabar boldy. Türk göwher pudagynyň esasy alyjylary bolsa Aýlag sebitinde ýerleşýän ýurtlar.


“Akşam” gazeti “Siriýadan gaçan ýaş pianist türk raýatlygyna kabul edildi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Siriýadan Türkiýä sygynan we Bursa şäherine ýerleşen 16 ýaşly pianist Asad Tambiniň türk raýatlygyna kabul edilmegi baradaky permana gol çekendigini ýazýar.


“Milliýet” gazet “Bred Pitt bilen bir sanawda” söz başyly habarynda, Serbiýanyň esasy habarlar saýty bolan we köp sanly Ýewropa ýurdunda-da üns bilen okalýan “blik” saýtynyň “sakally erkek simwollaryny” saýlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Ýewropadan we ABŞ-dan köp sanly ýyldyzyň degişli bolan sanawynda Türkiýeden diňe Burak Özçiwidiň bardygy mälim edilýär. Gazet ýewropaly zenanlaryň kalbyna ornaşan Özçiwidiň sanawdaky iň ýaş aktýordygyny nygtaýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar