Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 06.12.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde gin beýan tapýar

138843
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 06.12.2014

“Sabah” gazeti “Ministr Şimşek: “Türkiýä uly mukdarda serişde akymy başlady” söz başyly habarynda, Londonda daşary ýurtly maýadarlar bilen duşuşan maliýe ministri Mehmet Şimşegiň “uzak möhletden bäri şeýle tolgunma görýärin” diýen sözlerine üns çekilýär. Gazet ministr Şimşegiň iki günden bäri her sagatda daşary ýurtly maýadalaryň maslahat geçirýändigini nygtap, Türkiýä bolan garaýyşyň düzelendigini belläp “Türkiýä uly mukdarda serişde akymy başlady. Türkiýä uly isleg bildirilýär” diýen sözlerini çap edýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Awtomobil pudagynda taryhy üstünlige sähelçe galdy” söz başyly habarynda, Awtomobil senagatçylarynyň eksportçylar bileleşiginiň dolandyryjy geňeşiniň başlygy Orhan Sabunjynyň ýewro-dollar pariteti sebäpli ýüze çykýan ýitgilere garamazdan awtomobil pudagynyň ýylyň ahyrynda 9-njy pudaklaýyn çempionlyga eýe boljakdygyny we geçen aý eksportda aşaklama bolandygyna garamazdan ýylyň ahyryna çenli bolan maksatnamalaryň artykmajy bilen berjaý edilip, 22,5 milliard dollarlyk eksport mukdaryna ýetjekdiklerini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Awtomobil pudagynyň eksport görkezijilerine laýyklykda aşaklama garamazdan Germaniýanyň bazary liderligi elden bermedi. Noýabr aýynda nobaty bilen esasan Germaniýa, Britaniýa we Fransiýa eksport edildi.
“Akşam” gazeti “Araplar joşa geldi, nemeslerden geçdi” söz başyly habarynda, söwda merkezlerinde görülmäge öwrenşilen araplaryň göçürilmesiz emläkde-de esasy alyja öwrülendigini ýazýar. Habarda aýlag ýurtlarynyň raýatlarynyň 2013-nji ýylda jemi 735 müň inedördül metr emläk alan bolsa, 2014-nji ýylda şol mukdaryň 2 million inedördül metre ýetendidigi mälim edilýär. Gazet geçen ýyl 402 müň inedördül metr bilen ikinji ýeri eýelän Saud Arabystanynyň şu ýyl iki esse artyş edip, 910 müň inedördül metr emläk edinip, birinji ýeri eýeländigi nygtalýar. Gazet sanawda Kuweýdin 522 müň inedürdil metr emläk bilen dördünji ýeri eýeländigini ýazýar.
“Radikal” gazetiniň internet saýtynda çap edilen “Urşa türkleriň nukdaý nazaryndan garamandygym üçin utandym” söz başyly habarynda, Gallipoli urşy baradaky “Suwuň gözleginde” atly çeper filmiň režisýory Russel Krowyň “Gallipolide garaşsyz halky basyp aldyk” diýen beýanaty bilen ýurdunda diskussiýanyň başlamagyna sebäp bolan Krowyň soňky beýanatynda bolsa “Filmiň esasy obrazynyň, giň manyda Awstraliýanyň we Täze Zelandiýanyň 1-nji Jahah urşundan soň başdan geçiren ykbalyny duýdum hem-de oňa göz ýetirdim. Emma meni asyl janlandyran, şol bir wagtda-da hem ylham beriji hem-de utandyryjy zat, şertleri ýekeje minudam türkleriň nukdaý nazaryndan pikir etmänligime göz ýetirmek boldy. Şertlere şol jähtden çemeleşmändim. Utandym” diýen sözlerine üns çekilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar