Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 05.12.2014

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde uly beýan tapýar

138383
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 05.12.2014


“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýede tölegsiz saglygy goraýyş hyzmatlaryndan peýdalanyp bilerler” söz başyly habarynda Saglygy goraýyş ministri Mehmet Müezzinoglynyň 2-nji Halkara Türkiýe Saglyk uçurymlary gurultaýyna gatnaşandygyny ýazýar.
Gazet Saglygy goraýyş ministri Mehmet Müezzinoglynyň gurultaýda eden çykyşynda 400 ýurduň raýatlarynyň Türkiýede tölegsiz bejerilmegi üçin kanuny üýtgetmäniň kabul edilendigine aýratyn ünsi çekendigini belleýär


“Star” gazeti “Daşary ýurtlarda maýa goýjaklara goldaw berler” söz başyly habarynda Daşky gurşaw we şäherçilik ministri İdris Güllüjäniň emlak pudagynda uly öňe gidişligiň edilendigi hakyndaky sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet emlak pudagynyň ösdürilmegi üçin daşary ýurtlarda maýa goýulmalydygyny aýdan ministr Güllüjäniň “Hökümet bu pudakda daşary ýurtlarda maýa goýmak isleýänlere goldaw berer” diýendigini belleýär.


“Haber Türk” gazeti “İşleýän enelere buşlykly habar” söz başyly habarynda Sosial üpjünçilik gullugynyň täze ýylda güýje girjek kanun taslamasy barasynda maglumat berýär.
Gazet taslamanyň çäginde işleýän zenanlara çagalary 3 ýaşyna ýetýänçä höweslendirişiň çäginde müň türk lirasyna golaý pul kömeginiň beriljekdigini belleýär.


“Watan” gazeti “Dünýäniň tolgundyryjy 10 stadiony” söz başyly habarynda Britaniýada çap edilýän köp tiražly “Ze Telegraf” gazetinde berlen “Dünýäniň tolgundyryjy 10 stadiony” taslamasy barada geçirlen barlagda Bursa şäherinde gurluşygy dowam edýän we sport janköýerleri tarapyndan “Krakadil Arena” hökmünde atladyrlan stadionyň hem orun alýandygyny ýazýar.
Gazet Ze Telegraf gazetiniň redaktorlaryndan Adem Hurriň dünýäde gurluşygy dowam edýän uly stadionlar barada ýörite barlag geçirendigini we Bursadaky uly stadiony arhitekturasy we tehniki gurluşygy taýdan dünýäniň görelde alarlyk taslamalaryndan biri hökmünde görkezendigini ýatladýar.


“Hürriýet” gazeti “Türk modaçy ünsleri özüne çekýär” söz başyly habarynda iňlis moda baýraklarynda “Ýylyň taslamaçysy” hökmünde saýlanan Erdem Moralyoglynyň taýarlan biri-birinden owadagn egin eşikleri bilen ünsleri özüne çekýändigini ýazýar.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar