Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 20.11.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

199094
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 20.11.2014

“Sabah” gazeti “Yrakda nurbatlar towlanýar” söz başyly habarynda energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyzyň Yragyň merkezi hökümetiniň mart aýyndan bäri bes edilen nebit akdyrlyşynyň birnäçe günüň dowamynda başlajakdygyny aýdandygyny ýazýar. Habarda Taner Ýyldyzyň “Satylýan Yragyň netibiti we Yragyň kadalaşmagyna goşant goşjak girdeji bar. Bu ulgamy hökmany suratda ýola goýulmalydygy we goralmalydy. Türkiýe bu meselede öz üstüne düşýän jogapkärçiligini berjaý etdi. Mundan soň Yragyň merkezi hökümetiniň günde 150 müň barrelden başlamak şerti bilen nebit akdyrmagyna garaşýarys” diýen sözleri ýerleşdirilýär.
“Star” gazeti “Ministr Elwan: Şwesiýanyn gämilerini gurmaga isleg bildirdik. Gazet Transport, deňizçilik we aragatnaşyk ministri Lütfi Elwanyň türk gämi gurluşyk senagatynyň Şwesiýadan bildiriljek ähli gämi we deňiz ulaglarynyň gurluşygy, abatlaýyş işleri we gaýtadan işlenmegi baradaky isleglerini kanagatlandyrmaga, pudak boýunça hyzmatdaşlyk etmäge taýardyklaryny aýdandygyny ýazýar. Habarda ministr Elwanyň Şwesiýanyň şäher gurluşyk we abadanlaşdyryş ministri Mehmet Kaplan bilen duşuşandygy mälim edilýär.
“Haber Türk” gazeti “Türk banklaryna öwgüli sözler” söz başyly habarynda, Halkara kredit derejelendiriş guramasy Standart & Poorsyň “Ösüp barýan bazarlardaky banklar” habarnamasyny çap edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet guramanyň habarnamasynda “Braziliýa, Günorta Afrika we türk banklary ýuwaşlyk bilen deňleşerler” diýilýändigini ýazýar.
“Radikal” gazetiniň internet sahypasynda “Samsunda satuwlar gowy” söz başyly habarynda, Awtomobil distribýuratorlary jemgyýetiniň we Samsun ygtyýarly awtomobil satyjylary jemgyýetiniň hyzmatdaşlyk etmeginde üstümizdäki aýyň 18-23-i aralygynda TÜÝAP Samsun sergi we maslahatlar merkezinde guralan sergä 100 müň adamyň gelip görmegine garaşylýandygyny mälim edýär.
“Akşam” gazeti “Germaniýa Türksporda buýsanýar” söz başyly habarynda, Germaniýada höwesjeň kategoriýa degişli bolan Türksport klubynyň 8 futbolçysy ýarawsyzlanandygy sebäpli meýdança çykyp bilmedik bäsdeşini 3-0 hasabynda ýeňen hasaplanmagyň ýerine bäsleşigi yza süýşürmegi kabul edendigine ünsleri çekýär. Oýunyň yza süýşürilmegi sebäpli 2-1 hasabynda ýeňilip, çempionlykdan mahrum bolan Türkspordyň, şol çemeleşmesi mynasybetli Germaniýanyň Fair-Plaý baýragyna eýe bolandygy nygtalýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar