Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 19.11.2014

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

195492
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 19.11.2014

“Star” gazeti “Putin 100 milliard dollar üçin gelýär” söz başyly habarynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň oktýabr aýynda yza süýşürlen saparyny 1-nji dekabrda amala aşyrjakdygyny ýazýar.

Gazet Prezident Erdogan bilen birlikde Türkiýe-Russiýa Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň 5-nji maslahatyna gatnaşjak Putine resmi saparynyň çäginde 10-a golaý rus ministriň ýoldaşlyk etjekdigini belleýär.
Gazet saparyň çäginde iki ýurduň arasynda 35 milliard dollara barabar bolan söwda mukdarynyň 2020-njy ýylda 100 milliard dollara ýetirilmegi, ykdysadyýet we energetika ugurlarynda edilýän hyzmatdaşlyklaryň güýçlendirilmegi, şeýle hem Türkiýeden gök we miwe önümleriniň eksporty meselesinde Russiýa bilen başdan geçirilýän kynçylygyň çözülmegi meselesiniň seljeriljekdigini nygtaýar


“Haber Türk” gazeti “Türkiýäniň İşewür zenanlar jemgyýeti TÜKİAD-dan buşlukly habar; zenan bankçylygy” söz başyly habarynda döredilen gününden bäri zenan telekeçileriň has täsirli ýagdaýa gelmegi, zenanlaryň başdan geçirýän kynçylyklaryň hökümetiň gün tertibine getirilmegi üçin uly işleri durmuşa geçirýän Türkiýäniň İşewür Zenanlar jemgyýetiniň zenan bankçylygy hakynda möhüm beýanat berendigini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.
Gazet Türkiýäniň İşewür zenanlar jemgyýeti TÜKİAD-iň başlygy Nilüfer Bulutyň mesele barasynda beren beýanatynda “Zenan bankçylygy Türkiýedäki işewür zenanlaryna uly mümkinçilikler hödürlär, işewür zenanlarynyň sanynyň köpelmegine we olara goldaw berilmeginde esasy rol oýnar” diýen sözlerine ýer berýär.


“Watan” gazeti “20 täze şäher keselhanasy gurlar” söz başyly habarynda Saglygy goraýyş ministri Mehmet Müezzinoglynyň “Türkiýede ýene-de 20 täze şäher keselhanasynyň gururlar”diýen sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.
Gazet ministr Müezzinoglynyň “Häzir 14 şäherde 16 şäher keselhanasy gurulýar. 2018-nji ýylyň ahyryna çenli Türkiýäniň 90 müň adamlyk döwrebap tehnalogiýalar bilen üpjün edilen dünýänin ýeke-täk ýurdy bolar”diýen sözlerini ýatladýar.


“Sabah” gazeti İzmirde 20 ýyl dedektiw bolup işlän Bilal Kartalyň oýlan tapan enjamy bilen ünsleri özüne çekýändigini ýazýar.
Gazet dedektiw Kartalyň oýlap tapan enjamynyň 48 sagadyň dowamynda ýiten barmak yzyny kesgitläp bilýandigini nygtaýar.
Gazet Bilal Kartalyň oýlap tapan enjamyny satyn almak üçin ABŞ-nyň, Ysraýylyň we Ýaponiýanyň talap bildirendigini belleýär.


“Akşam” gazeti Huza türkleriniň aslynyň Hun türklerinden gelip çykýandygyny habar berýär.
Gazet Pakistan-Hindistan serhedinde ýaşaýan şol ynsanlaryň täsin aýratynlygynyň bardygyny belleýär.
Gazet musulman hunza türkleriniň ortaça 110-120 ýaşaýandygyny we 65 ýaşyň hunza türkleri üçin ýolyň ýarysy hasaplanylýandygyny ýatladýar.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar