Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 18.11.2014.

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýar

193987
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 18.11.2014.


“Akşam” gazeti “Dünýä türklere amanat” söz başyly habarynda 2015-nji ýylda G-20-niň, B-20-niň we D-8-iň döwürleýin ýolbaşçylygyny ýerine ýetirjek Türkiýäniň halkara guramalaryň hatarynda esasy orun eýeleýändigini ýazýar.
Gazet energetikadan syýahatçylyga, sportdan hukuga çenli halkara derejesinde iş alyp barýan gurmalaryň ýolbaşçylarynyň arasynda türkleriň bardygyny nygtaýar.
Gazet 2015-nji ýylda G-20, B-20, D-8 we Halkara Energetika ykdysady bileleşigi ýaly birnäçe guramanyň ýolbaşçylygyny türkleriň ýerine ýetirjekdigini ýatladýar.


“Sabah” gazeti “Parahatçylygyň binagäri Türkiýä minnetdarlygyny bildirdi” söz başyly habarynda Moro musulmanlary bilen Filippiniň hökümetiniň arasynda Türkiýäniň töwellaçylyk etmeginde parahatçylyk gepleşikleriniň geçirilýändigini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.
Gazet Filippiniň Prezidentiniň şol ýurda sapar guran Premýer ministr Ahmet Dawutoglyna parahatçylyk sebäpli öz minnetdarlygyny bildirendigini nygtaýar.
Gazet Ahmet Dawutoglynyň hem parahatçylyk etabynda töwellaçylyk etmegi üçi Türkiýa uly ynam bildiren Filippinli ýolbaşçylara sag bolsun aýdandygyny belleýär.


“Haber Türk” gazeti “Baş ilçi Aramaza NATO-da jogapkärçilikli wezipe” söz başyly habarynda NATO-nyň Baş sekretary Stoltenbergiň Türkiýäniň Owganystandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly baş ilçisi İsmail Aramazy NATO-nyň Owganystandaky ýokary derejeli harby däl wekili hökmünde belländigine ünsi çekýär.
Gazet Türkiýäniň Owganystandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly baş ilçisi İsmail Aramazyň NATO bilen birnäçe ýyldan bäri işleşýändigini nygtaýar.
Gazet NATO-nyň Owganystandaky ýörite wekili hökmünde Hikmet Çetinden soň ikinji gezek ýene-de bir türkiň bellenendigini ýatladýar.


“Hürriýet” gazeti “Dünýäniň iň köp syýahat edilýän ýerleri” söz başyly habarynda Taým žurnaly tarapyndan çap edilen dünýäniň iň köp syýahat edilýän ýerlerinin sanawynda Stambuldaky Kapalyçarşynyň ýagny Ýapyk bazaryň 5-nji ýeri eýeleýändigini habar berýär.
Gazet Taým žurnalynyň dünýäniň iň gadymy we iň uly bazarlaryndan biri bolan 15-nji asyrda gurlan bazara her ýyl 91 million 250 müň adamyň gelýändigine aýratyn ünsi çekendigini belleýär.


“Milliýet” gazeti “Küre daglary fotosuratçylara garaşýar” söz başyly habarynda güýz aýlarynda tapawutly reňke bürenýän Bartyn şäherindäki Küre daglary milli goraghanasynyň tebigy gurluşy, jülgeleri, akar suwlary we tokaýlary bilen foto suratçylara garaşýandygyny ýazýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar