Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 17.11.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

193080
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 17.11.2014

“Akşam” gazeti “Türkiýe erjellik etdi, bosgunlar meselesinde jarnama kabul edildi” söz başyly habarynda, Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň Awstraliýada geçirilen G-20-ä agza ýurtlaryň maslahatyndan soň halkara metbugat ýygnagyny gurandygyny mälim edýär. Gazet Dawutoglynyň bosgunlar meselesiniň gün tertibine gelip gelmändigi baradaky soraga, “Gynansagam giňişleýin ara alynyp maslahatlaşylmady. Çap eden jarnamamyzda Ýakyn Gündogardaky çykgynsyzlyk bilen bagly ýörite bölüm bar. Uzak dowam eden gepleşikleriň netijesinde Türkiýäniň teklibi kabul edil. Brisban jarnamasyna degişli edildi” diýip jogap berendigini ýazýar.
“Ýeni Şafak” gazeti “Bosniýa-Gersogowinada Osman döwründen miras galan mekdepler” söz başyly habarynda, Bosniýa-Gersogowinada bäş asyr ozal Osman döwründe “subýan mekdebi” hökmünde açylan we bäş asyrdan bäri üznüksiz bilim berýän “Osman mirasy” mekdepler ýurtdaky ähli musulmanlaryň gurhan we başlangyç dini sowat öwrenmekleri üçin çagalaryny berýän mekdepleriň başynda durýandyny mälim edýär. Habarda mekdepleriň häzirki wagtda Yslam bileleşigi tarapyndan dolandyrylýandygy nygtalýar.
“Star” gazeti “Tüýap kitap sergisine rekord gatnaşyk” söz başyly habarynda, 33-nji Halkara TÜÝAP Stambul kitap sergisiniň ýapylandygyny, TÜÝAP-dan berilen maglumata laýyklykda 8-nji noýabr güni açylan kitap sergisine şu ýylda 503 müň okyjynyň gelip görendigini halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Türkiýeden we daşary ýurtlardan 850 neşirýat öýüniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmagynda geçirilen sergide edebiýat agşamlarynyň, ylmy maslahatlaryň, çagalar üçin şüweleňleriň guralandygyny ýazýar.
“Sabah” gazeti “Goranyş film festiwalynda türk filmine baýrak” söz başyly habarynda, şu ýyl İtaliýada 24-njisi geçirilen Halkara goranyş film festiwalynda türk režisýory Elif Owaryň “Umydyň şöhlesi” atly dokumental filminiň emin agzalarynyň ýörite baýragyna laýyk görülendigini mälim edýär. Habarda Owaryn türk ýaraglaryn güýçleriniň Kosowada durmuşa geçiren işlerini gürrüň berýän we Žandarm serkerdeliginiň iki zenan serkerdesini durmuşyny beýan edýän “Umydyň şöhlesi” atly eseriniň 19 ýurtdan 52 eseriň arasynda baýrakly orna mynasyp görülendigine üns çekilýär.
“Hürriýet” gazeti “Minerallaryň türk şasy” söz başyly habarynda, doktor Elif Günerin Antarktikada täze iki mineraly açyp, dünýä edebiýatyna adyny ýazdyrandygyny mälim edýär. Gazet Güneriň açyşy bilen Gollandiýada 9 ýylyň iň başarjaň, Ýewropada bolsa ýylyň iň başarjaň türk zenany derejesine eýe bolandygyny ýazýar.

Gd! Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.
“Akşam” gazeti “Türkiýe erjellik etdi, bosgunlar meselesi jarnama kabul edildi” söz başyly habarynda, Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň Awstraliýada geçirilen G-20-ä agza ýurtlaryň maslahatyndan halkara metbugat ýygnagyny gurandygyny mälim edýär. Gazet Dawutoglynyň bosgunlar meselesiniň gün tertibine gelip gelmändigi baradaky soraga, “Gynansagam giňişleýin ara alynyp maslahatlaşylmady. Çap eden jarnamamyzda Ýakyn Gündogardaky çykgynsyzlyk bilen bagly ýörite bölüm bar. Uzak dowam eden gepleşikleriň netijesinde Türkiýäniň teklibi kabul edil. Brisban jarnamasyna degişli edildi” diýip jogap berendigini ýazýar.
“Ýeni Şafak” gazeti “Bosniýa-Gersogowinada Osman döwründen miras galan mekdepler” söz başyly habarynda, Bosniýa-Gersogowinada bäş asyr ozal Osman döwründe “subýan mekdebi” hökmünde açylan we bäş asyrdan bäri üznüksiz bilim berýän “Osman mirasy” mekdepler ýurtdaky ähli musulmanlaryň gurhan we başlangyç dini sowat öwrenmekleri üçin çagalaryny berýän mekdepleriň başynda durýandyny mälim edýär. Habarda mekdepleriň häzirki wagtda Yslam bileleşigi tarapyndan dolandyrylýandygy nygtalýar.
“Star” gazeti “Tüýap kitap sergisine rekord gatnaşyk” söz başyly habarynda, 33-nji Halkara TÜÝAP Stambul kitap sergisiniň ýapylandygyny, TÜÝAP-dan berilen maglumata laýyklykda 8-nji noýabr güni açylan kitap sergisine şu ýylda 503 müň okyjynyň gelip görendigini halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Türkiýeden we daşary ýurtlardan 850 neşirýat öýüniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmagynda geçirilen sergide edebiýat agşamlarynyň, ylmy maslahatlaryň, çagalar üçin şüweleňleriň guralandygyny ýazýar.
“Sabah” gazeti “Goranyş film festiwalynda türk filmine baýrak” söz başyly habarynda, şu ýyl İtaliýada 24-njisi geçirilen Halakra goranyş film festiwalynda türk režisýory Elif Owaryň “Umydyň şöhlesi” atly dokumental filminiň emin agzalarynyň ýörite baýragyna laýyk görülendigini mälim edýär. Habarda Owaryn türk ýaraglaryn güýçleriniň Kosowada durmuşa geçiren işlerini gürrüň berýän we Žandarm serkerdeliginiň iki zenan serkerdesini durmuşyny beýan edýän “Umydyň şöhlesi” atly eseriniň 19 ýurtdan 52 eseriň arasynda baýrakly orna mynasyp görülendigine üns çekilýär.
“Hürriýet” gazeti “Minerallaryň türk şasy” söz başyly habarynda, doktor Elif Günerin Antarktikada täze iki mineraly açyp, dünýä edebiýatyna adyny ýazdyrandygyny mälim edýär. Gazet Güneriň açyşy bilen Gollandiýada 9 ýylyň iň başarjaň, Ýewropada bolsa ýylyň iň başarjaň türk zenany derejesine eýe bolandygyny ýazýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar