Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 14.11.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

190184
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 14.11.2014

“Haber Türk” gazeti “Türkiýäniň ýeňişi” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obamanyň YSYS-a garşy göreşde Siriýa baradaky täze strategiýany seljerýändigini ýazýar. Gazet “JNN” tarapyndan öne sürülen habara görä Barak Obama YSYS-yň ýok edilmeginiň Başar Asadyň häkimiýet başyndan agdarylmagy bilen mümkin boljakdygy barada pikir etmäge başlandygyna ünsleri çekýär. Mälim bolşy ýaly Türkiýe uzak möhletden bäri Başar Asadyň we hökümetiniň Siriýada başdan geçirilýän çykgynsyzlygyň jogapkäridigini we Siriýanyň kadalaşmagynyň Başar Asadyň häkimiýet başyndan çetleşdirilmegi bilen mümkin bolup biljekdigini beýan edip gelýär.
“Sabah” gazeti “Türkiýä nebit lotosy” söz başyly habarynda, nebitiň nyrhyyň 4 ýylyň iň aşakky çägine düşmeginiň Türkiýäniň bähbidine boljakdygyny mälim edýär. Gazet şeýlelikde nagt ýetmezçiliginiň 40 milliard dollardan aşak düşjekdigini, infilýasiýasynyň bolsa 1 bal aşaklajakdygyny ýazýar. Habarda şol çaklamanyň daşary ýurtly maýadarlaryň ünsüni Türkiýä gönükdirendigi, “Sojiete Generale” tarapyndan düýn çap edilen analizde nebitiň nyrhyndaky aşaklamanyň Türkiýede bir ýylyň dowamynda 1 göterimden gowrak goşant goşjakdygy barada nygtalýandygy okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýäniň HPG-daky ses güýji artýar” söz başyly habarynda, Halkara Pul Gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktorlygy wezipesini kabul edip alan İbrahim Çanakçynyň, şol pozisiýanyn Türkiýäniň halkara arenasyndaky abraýy taýdan-da uly üstünlikdigine ünsi çekendigini aýdandygyny ýazýar. Gazet İbrahim Çanakçynyň “Türkiýe Ýerine ýetiriji direktorlar geňeşinde gönünde wekilçilik edilmegi bilen birlikde, global ykdysadyýetdäki özgerlişikler bilen hem ýakyndan gyzyklanyp, olary has işjeň ýagdaýda gönükdirip biler” diýen sözlerini çap edýär.
“Haber Türk” gazeti “Raga “hyýaly pyçak” söz başyly habarynda, Samsun welaýatynda rak kesellileriniň Tälim we ylmy-barlag hassahanasynyň onkologiýa bölüminde ulanylýan we Türkiýede dine 10 sanysy bardygy nygtalan “Siberknif” (hyýaly pyçak” enjamy arkaly şypa tapýandyklaryna ünsi çekýär. Habarda Samsun welaýatyndaky Tälim we ylmy-barlag hassahanasynyň baş lukmany Özden Karaoglanoglynyň enjam arkaly 4 santimerden kiçi bolan urlara güýçli şöhle çäre görýändiklerini belläp, “kesellä operasiýa we hirurgiýa bilen edilmeli işi enjamyň özi edýär. Häzirki wagta çenli 135 adamy bejerdik” diýen sözleri ýerleşdirilýär.
“Star” gazeti “Los Anželesde orkestr sezony türk sungat ussady tarapyndan açyldy” söz başyly habarynda, Los Anželesin filarmoniýa orkestriniň täze sezonuny türk wizual media ussady Refik Anadolyň wide konserti bilen açylandygyny mälim edýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar