Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 13.11.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutuluýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

189093
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 13.11.2014

“Star” gazeti “263 maglumat taslamasyna 3,7 milliard lira serişde” söz başyly habarynda, 2014-nji ýylyň maýa goýum maksatnamasynda döwlet edaralarynyň 263 sany maglumat taslamasy üçin 3,7 milliard lira golaý serişde goýberilendigine ünsi çeken ösüş ministri Jewdet Ýylmazyň Türkiýäniň maglumat jemgyýetine öwrülşik etabynda ýokarky çägi kesgitleýän Maglumat jemgyýeti strategiýasyny we iş meýilnamasyny ýokary gatnaşyk düşünjesine laýyklykda taýarlandyklaryny aýdandygyny mälim edýär.
“Akşam” gazeti “Her guýudan nebit çogýar” söz başyly habarynda, Batman welaýatynda soňky aýlarda Garzan şaýynyň kenarynda täze giňişliklere gönügen Türk nebitleri paýdarlar jemgyýeti TPAO-nyň iki giňişlikde ýokary hili nebitiň bardygyny anyklap, burawlanýan guýularyň sanyny 14-e ýetirendigini ýazýar. Gazet TPAO-nyň 10 guýunyň burawlaýyş işlerini öz toparlary bilen alyp barýandygyna ünsleri çekýär.
“Sabah” gazeti “Salonikde Atatürkiň öýüne baryp görenleriň sanynda rekord” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Salonikdäki Başkonsuly Tugrul Biltekiniň Atatürkiň Salonikdäki öýüne baryp görenlerin sanynyň günsaýyn artýandygyny belläp “Gelip görenlerin sany 2011-nji ýylda 20 müň adam bolan bolsa, häzirki wagtda 100 müňe golaýlady. Şol sanyň ýylyn ahyryna çenli 100 müňe ýetmegine garaşýarys. Bu diýseň uly rekord” diýen sözleri çap edilýär.
“Milliýet” gazeti “Simit Saraýy Nýu-Ýorkyň 5-nji şaýolunda” söz başyly habarynda, “Simir Saraýy” kärhanasynyň ýerine ýetiriji müdiri Adullah Kawukçynyň Nýu-Ýork şäheriniň 5-nji şaýolunda dükan açandyklaryny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Abdullah Kawukçynyň “Simit Saýaýynyň” Gollandiýadan Saud Arabystanyna çenli 14 ýurtda 300 dükanda 8600 işgäri bilen 650 müň adama hyzmat edýändigini aýdandygyny mälim edýär.
“Haber Türk” gazeti “Türkiýe kinosynyň agşamlary Moskwadan başlaýar” söz başyly habarynda, “Türkiýe kinosynyn bütindünýä ylmy agşamlarynyň” birinjisiniň noýabr aýynyň 19-23-i aralygynda Moskwada geçirikjekdigini mälim edýär. Ylmy agşamlar arkaly türk kinosynyň sungat, pudaklaýyn we ylmy taraplarynyň ösdürilmegi, dünýäniň ylmy edebiýatynda mynasyp orun eýelemegi we orta möhletde kino maslahat toparynyň döredilmegi maksat edinilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar