Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 12.11.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

187936
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 12.11.2014

“Haber Türk” gazeti “Ministr Bozkyr yglan etdi” söz başyly habarynda, ÝB ministri Wolkan Bozkyryň Brýusselde ÝB-niň ABŞ bilen Transatlantik ylalaşygynyň Gümrük bileleşigine nähili täsir ýetirjekdigini gürrüň berendigini ýazýar. Gazet ministr Bozkyryn “Gümrük bileleşiginiň netijesinde şu günki güne çenli ÝB bilen 150 milliard ýewro barabar söwda gatnaşygynyň edilendigi aýdylýar. ÝB üçünji ýurtlar bilen şertnama baglaşan halatynda onuň Türkiýe bilen hem durmuşa geçirilmegi üçin degişli madda goýulmandyr. Biz onuň degişli edilmegini isledik. Eger şeýle bolman halatynda Türkiýäniň bazarlaryny Amerikan önümlerine gümrük salgydyny almazdan açmaga mejbur bolarys. Ýylda 2,5-3 milliard dollar ýitgi çekeris. Gümrük bileleşigini bellir bir möhlet üçin bes etmäge mejbur bolup bileris” diýen sözlerini çap edýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Din işleriniň Latyn başlangyjy” söz başyly habarynda, Din işler ederasynyň Türkiýedäki dini bilim we hyzmatlardaky tejribelerini Latyn Amerika ýurtlarynda ýaşaýan musulmanlar bilen alyşmak üçin 1-nji Latyn Amerika ýurtlaryndaky musulman dini liderler maslahatyny geçirýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet maslahata Braziliýa, Argentina, Meksika, Çili, Uruguwaý, Kuba, Kolumbiýa ýaly 40 Latyn Amerika ýurtdundan 75 musulman alymynyň Stambulda jemlenşendigini, maslahatda sebitdäki musulman azlyklar bilen durnukly hem-de yzgiderli gatnaşygyň ýola goýulmagynyň maksat edinilýändigini ýazýar.
“Akşam” gazeti “Jankurtaranda” sanalgyja gün” söz başyly habarynda, Gara deňiz sebitini Eýran bilen birleşdirjek “Jankurtaran” tuneliniň tamamlanyp barýandygyny mälim edýär. Habarda Türkiýäniň in uzyn tuneliniň işleriniň 70 göteriminiň tamamlanandygy, 2015-nji ýylyň ahyrynda ulanmaga beriljekdigi nygtalýar. Gazet Artwin welaýatynyň gubernatory Kemal Jiridiň taslamanyň 5200 metr uzynlygynda Türkiýäniň in uzyn gara ýoly tunellerinden biri boljakdygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Sabah” gazeti “Halapdan gaçyşlaryň depgini güýçlendi” söz başyly habarynda, Siriýa urşunyň merkezi şäherlerinden biri bolan Halapda ýaşaýanlaryň janlaryny halas etmek üçin ýollara düşendigine ünsleri çekýär. Şäher hökümete degişli güýçleriň gabawy netijesinde oppozisionerleriň çykgynsyz ýagdaýa düşmegi sebäpli garaşylýan göç tolkuny başlaýar. Halapda ýaşaýan halk janyny halas edip bilmeküçin gaçmaga başlady. Halk birnäçe goşy bilen serhede gelen bosgunlar ol ýerden Türkiýä geçmäge synanşýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar