Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 09.11.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

186354
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 09.11.2014

“Sabah” gazeti “ÝB: Palestina döwlet bolmaly” söz başyl habarynda, ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan jogapkär wekili Federika Mygherininiň Gaza guran saparynyň dowamynda bütin dünýä Palestinanyň döwlet hökmünde ykrar edilmegi üçin çagyryş berendigini nygtaýar. Gazet onlarça Ýewopa ýurdunyň Palestinany ykrar etmek üçin taýarlyklaryny dowam etdirýändigini öňe sürendigini ýazýar.
“Star” gazeti “Ysraýylyň BMG-da daýylary bar” söz başyly habarynda, Wise-premýer Numan Kurtulmuşyň “47 ýyldan bäri ilkinji gezek Ysraýyl esgerleri şol hapa aýakgaplary bilen Al Aksa metjidine girdiler. Bütin dünýä syn edýär we hiç zat etmejekdigini görersiňiz. Çünki adam özüne ynanýar. BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşinde daýysy bar” diýen sözlerini çap edýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Wagşylyga öwgüli sözler” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Baş ştabynyň başlygynyň 490 palestinaly çaganyň gyrylan we 51 gün dowam eden Gaza hüjümi barasynda “Ysraýylyň asuda ilata ünsli çemeleşmesi begendiriji” diýendigini ýazýar. Gazet “Olardan sapak almak üçin wekiliýetimi ugradýaryn” diýen general Martin Dempseýiň beýanatynyň ysraýyllylaram geň galdyrandygyny nygtaýar.
“Akşam” gazetiniň ykdysadyýet sahypasynda “Aspir öndürmekde rekorda tarap barýarys” söz başyly habarynda, Türkiýäniň nahar ýagyny, azykda, himikida, kosmetaki senagatyna we biodizel öndürmekde peýdalanylýan aspiriň önümçiliginde öňünde uly maksat goýandygyna ünsleri çekýär. Gazet 2002-nji ýylda 25 tonna barabar bolan aspir önümçiliginiň 2013-nji ýylda 45 müň tonna ýetendigini belleýär. Habarda şu ýyl 76 tonna barabar önüm öndürmegiň göz öňünde tutulýandygy mälim edilýär.
“Watan” gazeti “Hünärleriň ýarysy ýiter” söz başyly habarynda, bütin dünýäde 220 hünärmen, ýolbaşçy we ýaş telekeçiler tarapyndan taýarlanan “Geljekde iş ýerleri we hünärler” atly habarnamanyň emeli zehiniň ösmegi netijesinde häzirki wagtda bar bolan hünärleriň ýarysynyň ýok boljakdygyny öňe sürýändiklerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet habarnamada beýan edilmegine görä 2025-nji ýylda müşderi hyzmatlary we orta derejeli ýolbaşçylyk pozisiýalarynyň emeli zehiniň ösmegi sebäpli iň uly zyýan çekjek hünärler boljakdygy nygtalyp, şol pozisiýalarda işleýän adamlaryň ýerini kompýuterleriň aljakdygyna üns çekilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar