Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 08.11.2014

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

185401
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 08.11.2014


“Ýeni Şafak” gazeti “Täze Türkiýäniň iş meýilnamasy” söz başyly habarynda işewür adamlarynyň Premýer ministr Ahmet Dawutogly tarapyndan beýan edilen iş meýilnamasynyň täze Türkiýaniň gazanjak üstünlikleriniň hekaýasy bolmagy taýdan esasy ädim hökmünde görýändigini ýazýar.
Gazet işewür adamlarynyň “öwrülşik nokady” hökmünde häsiýetlendirlen iş meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny ýatladýar.

“Akşam” gazeti “PKK-nyň baýdagy sebapli el degrilmesizligi ýatyryldy” söz başyly habarynda Germaniýada Federal Parlamentiň Mýunhen şäherinde YSYS terror guramasyna garşy geçirlen ýörişde PKK terror guramasynyň baýdagyny götendigi aýdylýan çepçi partiýanyň halk deputaty Nikole Gohlkeniň el degrilmezligini ýatyrandygyny okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.
Gazet PKK-nyň Germaniýanyň kanunlaryna görä terror guramalarynyň sanawynda ýer alýandygy üçin halk deputaty hakynda derňew işiniň gozgalyp bilinjekdigini belleýär.

“Star” gazeti “TAW howa menzilleriniň girdejisi 52 göterim ýokarlady” söz başyly habarynda TAW howa menzillerinin girdejisiniň 2014-nji ýylyň 9 aýlyk döwründe 52 göterim ýokarlandygyny we 174 million ýewro barabar bolandygyny habar berýar.
Gazet firma tarapyndan dolandyrylýan howa menzillerinde hyzmat edýän ýolagçylarynyň sanynyň hem geçen ýyl bilen deňeşdirilende 14 göterim ýokarlandygyny ýatladýar.


“Sabah” gazeti “Lazer maslahaty” söz başyly habarynda durmuşyň ähli ugurlary bilen birlikde dişiň bejerilşinde hem giňden ulanylýan lazeriň Stambulda geçirlen Halkara lazer kongresinde ara alnyp maslahatlaşylandygyny ýazýar.
Gazet kongresde soňky tehnalogiýalar bilen öndürlen enjamlaryňm lukmanlara tanyşdyrlandygyny belleýar.
Gazet kongrese ABŞ, Britaniýa, Germaniýa, Şwesiýa, Portugaliýa ýaly ýurtlardan ylmy işgärleriň gatnaşandygyny mälim edýär.

“Milliýet” gazeti Mumýa görmek üçin Müsüre däl eýsem Kapadokýa geliň” söz başyly habarynda Kapadokýanyň 11 müň ýyllyk taryhynyň Aksaraý muzeýinde sergilenýändigini ýazýar.
Gazet muzeýde sergilenýän 10 adam bilen 1 çaganyň we 2 pişigiň mumýasynyň ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýändigini belleýär.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar