Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 07.11.2014

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

184452
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 07.11.2014


“Akşam” gazeti “ABŞ-da türk kazy ýaňadandan saýlandy” söz başyly habarynda ABŞ-da asly türk kazy Jeýhun Karahanyň Karrisiň jenaýat kazyýeti üçin geçirlen araky saýlawlarda üçinji gezek üstünlik gazanandygyny ýazýar.
Gazet Türk-Amerikan jemgyýetiniň Amerikaly ýokary derejeli gullukçylarynyň hatarynda ýer alýan Respublikan partiýasyna agza kazy Karahanyň saýlawlarda 355 müň 916 ses alandygyny nygtaýar.


“Sabah” gazeti “Siriýaly okuwçylara bilim mümkinçiligi” söz başyly habarynda Şanlyurfanyň Siwerek etrabynda ozalky döwlet keselhanasynyň bir bölüminiň etrapda ýaşaýan siriýaly çagalar üçin mekdebe öwrülendigini habar berýär.
Gazet mekdepde Siriýanyň Bilim ministrliginiň bilim meýilnamasyna görä bilim beriljekdigini we türk diliniň öwrediljekdigini nygtaýar.
Gazet mepdekde siriýaly 250 çaga 11 mugalymyň bilim berjekdigini ýatladýar.


“Watan” gazeti “İlkinji telekeçi öýi Gaziantepde açyldy” söz başyly habarynda telekeçiler üçin güýçlerini birleşdiren Türk ykdysadyýet banky bilen Türkiýäniň eksportçylar mejlisiniň telekçi öýlerini açmaga başlandygyny okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.
Gazet ilkinji telekeçi öýüniň Türkiýe İnowasiýa hepdeliginiň çäginde Gaziantepde açylandygyny ýatladýar.


“Star” gazeti “Türkiýede ilkinji çaý turizmi” söz başyly habarynda Türkiýede ilkinji dünýäde bolsa sanlyja taslamalardan biri boljak derýa syýahatçylygynyň 2 ýylda tamamlanmagyna garaşylýandygyny ýazýar.
Gazet ÝB bilen Syýahatçylyk ministrliginiň goldaw bermeginde taýarlanan derýa syýahatçylygynyň Ordu welaýatynyň derýalarynyň we şäheriň tanyşdyrylmagyny maksat edinýändigini belleýär.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar