Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 06.11.2014

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýar

183017
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 06.11.2014


“Akşam” gazeti Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekçiniň beren beýanatyna ýer berýar.
Gazet Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekçiniň “2002-nji ýyla çenli Türkiýä gelen göniden daşary ýurtly maýa goýum 14 milliard dollara barabardy. Häzir bolsa şol san 150 milliard dollara çenli baryp ýetdi. Şol maýa goýumlaryň 70 göterimi ÝB-ne agza ýurtlardan gelýär” diýen sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.
Gazet Zeýbekçiniň “Türkiýe ykdysady çökgünligiň bütin dünýä ýaramaz täsirini ýetiren döwründe hem 12 ýyldan bäri ortaça her ýyl yzly-yzyna 5,1 göterim ösdi” diýen sözlerini ýatladýar.


“Star” gazeti “Nebit söweşinde 13 milliard dollarlyk girdeji” söz başyly habarynda Saud Arabystanynyň nebitiň bahasyny aşaklatmagy we Hytaýyň görkezijilerine göra 81 dollar bilen 4 ýylyň iň pes derejesine çenli aşaklan nebitiň bahalary sebäpli Türkiýäniň energetika fakturasynyň hem pese gaçandygyny ýazýar.
Gazet nebitiň bahasynyň 4,5 aýda 33 dollar aşaklamagy sebäpli Türkiýäniň ýyllyk girdejisiniň 13 milliard dollara barabar boljakdygyny nygtaýar.


“Ýeni Şafak” gazeti “Garadeňizde möhüm taslama” söz başyly habarynda Ordu welaýatynyň Gülýaly etrabynda daş bilen doldurlan deňizde gurulýan dünýäniň üçünji, Ýewropanyň we Türkiýäniň ilkinji howa menzili bolan Ordu-Giresun howa menziliniň gurluşygy üçin jemi 290 million liranyň sarp ediljekdigini we howa menziliniň 2015-nji ýylyň mart aýynda hyzmada açylmagynyň maksat edinilýändigini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.


“Hürriýet” gazeti “5 aýlyk bäbegiň ýürek damarlary açyldy” söz başyly habarynda Pamukkale uniwersitetiniň keselhanasynda ýürek keseli sebäpli 5 aýlyk bäbegiň ýürek damarlarynyň operasiýa arkaly açylandygyny belleýär.
Gazet operasiýa hakynda maglumat beren Prof.Dr Dolunaý Gürsesiň “5 aýlyk bäbegiň ýürek damarlarynyň biziň bölümimizde açylmagy keselhanamyz we Denizli welaýatymyz üçin uly öňe gidişlik” diýen sözlerine ýer berýär.


“Sabah” gazeti “Türkiýäniň ilkinji 3D formatly filmi surata düşürildi” söz başyly habarynda durmuş kyssasy bilen taryhy ugrukdyran jahankeşde Öwliýa Çelebi hakynda 3D formatynda filmiň surata düşürlendigini ýazýar.
Gazet Türkiýäniň ilkinji 3D formatyndaky filmi aýratynlygyna eýe “Öýliwa Çelebi” filminiň 7-nji noýabrda görkezilmäge başlajakdygyny belleýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar