Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 05.11.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

181716
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 05.11.2014

“Ýeni Şafak” gazeti Ýewropa Bileleşigi tarapyndan çap edilen “Ýewropanyň 2014 güýzki ykdysady çaklamalary” habarnamasynda Türkiýäniň ykdysady ösüşiniň 2014-nji ýylda 2,8 göterim, 2015-nji ýylda bolsa 3,3 göterim we 2016-njy ýylda 3,7 göterim boljakdygy göz öňünde tutulýandygyny ýazýar. ÝB komissiýasynyň Ýewropa giňişligi üçin 2014-nji ýyldaky ösüş çaklamasy bolsa 1,2 göterimden 0,8 göterime we 2015-nji ýyl üçin ösüş çaklamasyny 1,7 giterimden 1,1 göterime düşürdi.
“Haber Türk” gazeti “HPG-da Türkiýe döwri” söz başyly habarynda, döwlet gaznasynyň ozalky başlygy İbrahim Çanakçynyň Halkara Pul Gaznasyndaky ýerine ýetiriji direktorlyk wezipesine başlandygyny mälim edýär. Gazet Türkiýe bilen birlikde 8 ýurda wekilçilik edilýän Merkezi we Gündogar Ýewropa Ýerine ýetiriji ofisiniň direktorlygyny awstriýaly kärdeşi Ýohann Prederden kabul edip alan Çanakçynyň ýerine ýetiriji direktor hökmünde ilkinji maslahatyna gatnaşandygyny ýazýar.
“Akşam” gazeti “Dünýäniň syryny gözleýän ýaş türk” söz başyly habarynda, Gediz uniwersitetiniň Maşyn gurluşygy inženerligi bölüminiň 4-nji ýyl talyby İbrahim Jan Görgüliniň ylymyň merkezine gadam basandygyna ünsleri çekýär. Habarda Görgüliniň dünýäniň syrlaryny gözleýän “CERN-den” çakylyk alandygy, Şweýsariýanyň paýtagaty Ženewa şäherindäki dünýäniň iň esasy fiziki elemantar laboratoriýasynda iki aý bilim alandygy nygtalýar. Dünýä derejesindäki alymlar bilen tejribelere gatnaşan ýaş türk alymy Görgüliniň 60 ýyllyk CERN-de täze açyljak ýerasty desgasynyň taýarlyk işlerine gatnaşdy.
“Star” gazeti “Gämi we ýahta eksporty 10 ýylda 1 milliard dollardan geçdi” söz başyly habarynda, gämi we ýahta gurluşyk pudagynyň eksportynyň ýanwar-oktýabr aýlarynyň aralygyndaky döwürde geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 4,3 göterim ýokarlap, 1,6 milliard dollara ýetendigini mälim edýär. Gazet Pudagyň daşarky satuwynyň ýarysyndan gowragyny amala aşyran Stambulyň eksportynyň şol döwürde 8,48 göterim artyp, 715 millipn 924 müň dolara ýetendigini nygtaýar.
“Watan” gazeti “Stambula iň köp gelýänler” söz başyly habarynda, Stambula ýanwar-oktýabr aýlarynyň aralygynda 10 million 142 müň 888 syýahatçynyň gelendigini, şäher gelen daşary ýurtlylaryň sanynyň geçen ýyla görä 13 göterim artandygyny, şolaryň 10,3 göteriminiň nemeslerden, 5 göteriminiň ruslardan ybaratdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar