Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 29.10.2014.

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

173602
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 29.10.2014.


“Sabah” gazeti “91 ýaşyň gutly bosun” söz başyly habarynda 29-njy oktýabr Garaşsyzlyk baýramy hakyndaky habarlara ýer berýär.
Garaşsyzlyk baýramynyň ähmiýetine ünsi çekýän gazet 9 ýyl soň Türkiýe Respublikasynyň 100 ýaşyny doldurjakdygyny nygtaýar.


“Hürriýet” gazeti Garaşsyzlyk baýramy bilen baglanşykly habarynda Gresiýanyň Salonik şäherindäki Atatürkiň öýünde Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan Türkiýäniň çar tarapyndan getirlen Atatürkiň 50-a golaý hususy goşynyň hem sergilenmäge başlanandygyny ýazýar.
Gazet käbir bölümleri üýtgän muzeýiň şu gün resmi taýdan açyljakdygyny belleýär.
Gazet muzeýde Beýik baştutan Mustafa Kemal Atatürkiň ejesi Zübeýde hanymyň heýkeliniň hem açyljakdygyny ýatladýar.


“Ýeni Şafak” gazeti “Berlinde bosgunlar üçin maslahat” söz başyly habarynda Germaniýanyň Siriýa goňşy ýurtlardaky bosgunlaryň geljegine meselesine garalan halkara konferensiýa ýer eýeçiligini edendigini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.
Gazet Berlinde geçirlen “Sebitiň durnuklylygyna goldaw bermek we Siriýaly bosgunlaryň ýagdaýy” atly halkara konferensiýa Türkiýäniň adyndan Daşary işler ministriniň orunbasary Naji Korunyň gatnaşandygyny nygtaýar.
Gazet konferensiýada 3,2 million siriýaly bosguna berilýän ynsanperwer kömek işleriniň utgaşyklygy meselesine garalandygyny ýatladýar.


“Akşam” gazeti “Türkiýe bilen gepleşikleriň ýaňadandan başlamagyna hoşallyk bildirýäris” söz başyly habarynda Ýewropa Parlamentiniň halk deputaty we Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky bilelikdäki parlament komissiýasynyň ýolbaşçysy Juniel Fanueliň beren beýanatyna ýer berýär.
Gazet Fanueliň “Türkiýe bilen gepleşikleriň ýaňadandan başlamagyna hoşallyk bildirýäris” diýendigini nygtaýar.
Gazet Fanueliň Ýewropanyň hristian toparydygy garaýşynyň dünýewilik ýörelgesinden ýüz öwrülmegi manysyny aňladýandygy sebäpli diýseň howplydygyna ünsi çekendigini belleýär.


“Star” gazetiniň ykdysadyýet sahypasynda berlen “Üç bankdan 779 million liralyk girdeji” söz başyly habarynda türk banklarynyň 2014-nji ýylyň 9 aýlyk görkezijileri barada maglumat bermäge başlandygyny ýazýar.
Gazet görkezijilerini düýn beýan eden üç bankyň 9 aýda jemi 779 millin liralyk girdeji gazandyklaryna aýratyn ünsi çekendiklerini nygtaýar.


“Milliýet” gazeti “Bogazyň aşagy 2016-njy ýylda ulaglardan dolar” söz başyly habarynda Aragatnaşyk, transport we deňizçilik ministri Lütfi Elwanyň Bosfor bogazynyň aşagyndan gara ýol gatnawy üçin uly mümkinçilik hödürleýän Ýewraziýa tuneliniň gurluşygynyň 2016-njy ýylyň ahyrynda tamamlanjakdygy hakyndaky sözlerine ýer berýär.
Gazet Elwanyň 5,4 kilometrlik tuneliň deňiziň aşagyndaky 1,27 böleginiň gurluşygynyň tamamlanandygyna ünsi çekendigini belleýar.
Gazet Ýewropa we Aziýa materiklerini deňiziň aşagyndan relýesli ulgam arkaly birleşdirýän Marmaraýyň bolsa şu gün 1 ýaşyny gutlaýandygyny ýatladýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar