Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 17.10.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

160619
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 17.10.2014

“Akşam” gazeti “6 ýerde 8 howpsyz zolak” söz başyly habarynda, YSYS guramasyna garşy harby operasiýalaryň depgini güýçlenýärkä Türkiýäniň ABŞ-nyň öňbaşçylygyndaky koalisiýa şertlerini beýan edendigini ýazýar. Gazet Türkiýäniň isleginiň ara zolak däl, eýsem howpsyz zolagyň döredilmegi bolandygyny nygtaýar. Habarda degişli taraplara uçuşa gadagan zolagyň döredilmeginiň bosgunlaryň howpsyzlygy taýdan möhümdiginiň düşündirilendigi mälim edilýär. Howpsyz zolaklaryň BMG-nyň ýa-da halkara hyzmatdaşlygynyň hemaýaty astynda bolmagy hem beýleki bir şert.
“Ýeni Şafak” gazeti “Ministr ägirt uly taslama barada maglumat berdi” söz başyly habarynda, resmi sapar bilen Azerbaýjana giden transport, deňizçilik we aragatnaşyk ministri Lütfi Elwanyň Baku-Tibilisi-Kars demir ýol taslamasynyň haýsydyr bir taslama däl, eýsem doganlyk, bilelikde galkynyş we güýçlenme taslamasydygyny aýdandygyny mälim edýär. Habarda ministr Elwanyň taslamanyň 2015-nji ýylyň dowamynda ulanmaga berilmegini meýilleşdirýändiklerini aýdandygy okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.
“Watan” gazeti “Türkiýä täze jogapkärçilik” söz başyly habarynda, ABŞ-da gol çekişilen täze Ýurt topary şertnamasy bilen Türkiýäniň 2014-2016-njy ýyllaryň aralygynda Ýerine ýetiriji direktoryň wekilligi, 2020-2024-nji ýyllaryň aralygynda bolsa Ýerine ýetiriji direktoryň wezipesini ýerine ýetirjekdigini ýazýar. Gazet şeýlelikde Türkiýäniň Halkara Pul Gaznasyndan soň Bütindünýä bankynyň Ýerine ýetiriji müdirler geňeşine-de degişli boljakdygyna ünsi çekýär.
“Ýeni Şafak” gazet “Steinmeier PKK ýarag kömeginiň berilmegine garşy” söz başyly habarynda, Germaniýanyň daşary şler ministri Frank Walter Steinmeieriň Twitter arkaly soraglara jogap berendigini, nemes ministriniň Ýaşyllar partiýasynyň içeri syýasat boýunça metbugat geňeşçisiniň “Germaniýanyň terror guramasy PKK-ny ýaraglandyrmagy näderejede dogry” diýen soragyna “PKK Türkiýä howp saldygy saýyn onuň soragam bolup bilmez” diýip jogap berendigini mälim edýär.
“Sabah” gazeti “Sumela Manastyry abatlanýar” söz başyly habarynda, Trabzon welaýatynyň Maçka etrabyndaky taryhy Sumela Manastyrynyň abatlanmagy üçin medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan taýarlanan taslamanyň tamamlanandygyny ýazýar. Habarda Türkiýäniň we gündogar gara deňiziň esasy syýahatçylyk merkezlerinden biri bolan Manastyry ýüz müňlerçe ýerli hem-de daşary ýurtly syýahatçynyň zyýarat edýändigi nygtalýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar