Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 15.10.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde uly seslenme döredýär

157782
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 15.10.2014


“Akşam” gazeti “Türkiýe operasiýa gatnaşarmy?” söz başyly habarynda ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obamanyň Türkiýe we Saud Arabystany bilen birlikde 20 ýurduň ýokary derejeli harby ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda YSYS terror guramasyna garşy göreş strategiýasyny ara alyp maslahatlaşandygyny ýazýar.
Gazet ABŞ-nyň Baş ştabynyň başlygy Martin Dempseýiň ýolbaşçylygynda geçirilýän maslahatyň düýnki oturlyşygyna Prezident Obamanyň hem gatnaşandygyny belleýär.


“Haber Türk” gazeti “Siriýalylar we Yraklylar üçin 4 täze utgaşyklyk merkezi” söz başyly habarynda İzmir şäherinde Türkiýä gelen Siriýalylaryň we Yraklylaryň bellige alynmagy maksady bilen 4 täze utgaşyklyk merkeziniň açylandygyny okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.
Gazet ýolbaşçylaryň Siriýadan we Yrakdan gelen bosgunlaryň saglygy goraýyş, bilim we sosial kömek ýaly hyzmatlardan peýdalanmaklary üçin bellige alynmaklarynyň mejburydygy hakyndaky sözlerine ýer berýär.


“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýäniň derman senagaty Parižde tanyşdyryldy” söz başyly habarynda Türkiýäniň derman senagatynyň şu ýyl Parižde geçirlen dünýäniň iň uly derman ýarmarkasynda tanyşdyrlandygyny habar berýär.
Gazet hünärmen ynsan güýji we ýokary tehnalogiýasy bilen ösen ýurtlar bilen bäsleşip biljek mümkinçilige eýe bolan önümleriň ýarmarka gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekendigini belleýär.


“Sabah” gazeti “Koreýalylar milliard dollarlyk maýa goýuma gelýär” söz başyly habarynda “Howpsyz ýurt” hökmünde görülýän Türkiýä Koreýadan uly maýa goýum toparynyň geljekdigini ýazýar.
Gazet Koreýanyň iň uly 25 firmasynyň ýolbaşçysynyň Türkiýäniň Kanal Stambul we 3-nji köpri ýaly uly taslamalary bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny we taslama hakynda maglumat almak üçin oktýabr aýynyň 16-17-si aralygynda Stambula geljekdigini ýatladýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar