Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 12.10.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

154019
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 12.10.2014

“Akşam” gazeti “Daniýanyň Mejlisiniň Başlygy: Gury ýer operasiýasyna Türkiýe öňbaşçylyk etmeli” söz başyly habarynda, Daniýanyň Mejlisiniň Başlygy Magens Likketoftyň Türkiýäniň YD guramasyna garşy göreşde has işjeň pozisiýa eýelemegine garaşýandyklaryny, gury ýer operasiýasynyň Türkiýäniň öňbaşçylyk etmeginde arap ýurtlary bilen guralmalydygyny aýdandygyny ýazýar. Gazet Likketoftyň “Günbatar ýurtlary guryýer operasiýasyna gatnaşmaz” diýen sözlerine ünsleri çekýär.
“Sabah” gazeti “Ministr Aşyk: Milli otly noýabr aýynda ulanmaga beriler” söz başyly habarynda, ylym, senagat we tehnologiýa ministri Fikri Yşygyň “Milli elektrik togy bilen işleýän lokomotiw E1000” taslamasynyň geljek aýyň dowamynda tamamlanjakdygyny aýdandyny mälim edýär. Habarda ministr Yşygyň Türkiýäniň Ylmy we tehniki barlaglar guramasy tarapyndan goldanýan, 18 alymyň işleýän we gymmaty 10 million lira barabar bolan taslamanyň Türkiýäniň “Lokomotiw we hereketlendiriji senagaty” firmasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýändigini, üpjün ediji senagat firmalaryndan degişli enjamlaryn alynandygynyny gürrüň berendigi okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Watan” gazeti “Ýadro energetikada gurluşyk baharda” söz başyly habarynda, energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyzyň Akkuýu ýadro bekediniň gurluşygynyň mart ýa-da aprel aýynda başlanmagyna garaşýandyklaryny aýdandygyny mälim edýär. Gazet ministr Ýyldyzyň “Bu ýadro energiýa bekediniň binasynyň atom gatlagynyň başlanmagy manysyny aňlatman biler. Emma deňiz portunyň we ýadro obasynyň gurluşygy enşalla mart ýa-da aprel aýynda başlar” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Milliýet” gazeti “Markany ileri tutalyň” söz başyly habarynda, ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekçiniň türk markalarynyň seriallarda mozaikalanmagyna zyýanly endiklerden daşgary garşydygyny nygtap “Ona mozaikalama däl, senzuralamak hökmünde düşünýärin” diýendigini ýazýar. Gazet ministr Zeýbekjiniň Stambulda geçiriljek maslahatda türk markalarynyň we Türkiýäniň syýahatçylyk pudagyndaky gymmatlyklarynyň filmlerde hem-de seriallarda peýdalanylmagy barasynda pikir alyşjakdyklaryny aýdandygyna ünsleri çekýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Dünýä belli firmalar Stambula gelýär” söz başyly habarynda, Stambulyň 17-nji oktýabrda geçiriljek uly çärä ýer eýeçiligini etjekdigini ýatladýar. Gazet “Google, “BP”, “Ejzajybaşy” we “Shell” ýaly firmalaryň üpjünçilik ulgamy, satyn alyş we marketing strategiýalary boýunça hünärmen ýolbaşçylarynyň we geňeşçileriniň Haliç maslahatlar merkezinde duşuşjakdygyny mälim edýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar