Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 25.09.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

137923
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 25.09.2014

“Hürriýet” gazeti “Erdogan BMG-nyň Baş Assambleýasynda çykyş etdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň BMG-nyň 69-njy Sessiýasynda çykyş edendigini ýazýar. Gazet ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obamanyň başlyklyk etmegindäki “Daşary ýurtly söweşijiler” temaly maslahatda möhüm ýüzlenmeler beren Erdoganyň “Bu mesele elmydama has uly meseleleriň beýany, simptomy hökmünde ýüze çykdy. Şu günki günde-de günorta serhetlerimize goňşy döwletleriň döwlet ulgamlarynyň dargamagy we şonuň netijesinde emele gelen durnuksyzlyk hem-de haos şertleri terror guramalaryna hereket giňişligini döretdi. Sebit gynansagam terrorçylar üçin özüne çekiş merkezine öwrüldi” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Sabah” gazeti “20-nji kargo ýüklenýär” söz başyly habarynda, energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyzyň Türkiýäniň üstaşyr daşary ýurtlara ugradylýan Demirgazyk Yrakdan çykarylýan nebitiň eksportynda 13,7 million barrel mukdara ýetilendigini aýdandygyny ýazýar. Gazet Jeýhandan 19-njy tankeriň ýüklenendigini aýdan ministr Ýyldyzyň, “İndi 20-nji kargo ýüklenýär. Bu işden 1,3 milliard dollarlyk dolanşyk edildi” diýen sözlerine ünsi çekýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Energetikada “ýel” tizligi” söz başyly habarynda, energetika pudagynda daşary ýurtlara garaşlylygy azaltmak maksady bilen ýerli we täzeden işlenilip bilinýän serişdeleriň peýdalanylyşyny ýokarlandyrmak ugrunda iş alyp barýan Türkiýäniň ýelden energiýa öndürmek ugrunda aýgytly başlangyçlary durmuşa geçirýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Habarda energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň görkezijilerine laýyklykda Türkiýede üstümizdäki ýylyň 8 aýynda ýel energiýasynda bar mümkinçiligiň 2013-nji ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 926 megawat artyp, 3581 megawata ýetendigi mälim edilýär.
“Star” gazeti “6 lira bilen 400 kilometr ýol geçýär” söz başyly habarynda, Stambul uniwersitetiniň elektrik-elektronika inženerçiligi fakultetinden bir topar tarapyndan taýarlanan, 4 sagatlyk güýç bilen 500 kilometr ýol geçip bilýän “T-1 atly elektrik togy bilen işleýän ulagyň Antalýada halk köpçüligine tanyşdyrylandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet ýokary netijelilige eýe bolan, ýeňil we aerodinamiki gurluşa eýe bolan ulagyň Türkiýäniň iň netijeli we az ýangyç sarp edýän ulagy özboluşlygyna eýedigini ýazýar.
“Radikal” gazetiniň internet saýtynyň “Türkiýeli işewür adamynyň Range Rojer işi Ýewropanyň gün tertibinde” söz başyly habarynda, işewür adamy Engin Ýakudyň hereketlendiriji göteriji näsazlygy sebäpli hatardan çykan täze “Range Rower” ulaglar üçin iňlis öndürijisi “Land Rower” kompaniýasyna garşy gozgan iki sany kazyýet işiniň Ýewropanyň gün tertibinde giň seslenme döredendigini mälim edilýär. ÝB-niň Giňelmekden jogapkär orunbasary Gunter Werhaugeniň şol kazyýet işiniň “adam hukuklarynyň basgylanmagy” hökmünde kabul edilmelidigini aýdandygyna ünsleri çekýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar