Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 07.09.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

116860
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 07.09.2014

“Ýeni Şafak” gazeti “Gaýrat bilen işlemäge dowam ederis” söz başyly habarynda, Premýer ministr Ahmet Dawutogly tarapyndan gurlan 62-nji hökümetiň iş maksatnamasynyň ynam sesini alandygyny mälim edýär. Gazet 439 halk deputatynyň 306 sanysynyň hökümete ynam bildirendigini, 133 sanysynyň bolsa ret sesini berendigini ýazýar. Habarda ynam sesini alandan soň Mejlisde minnetdarlyk sözüni sözlän Dawutoglynyň “Sizden alan goldawymyz bilen gije-gündiz işlemäge eziz miletidimiziň we Mejlisimiziň öňünde söz berýäris. Haýsydyr bir güýç hökümetiniň bu gaýradynyň öňünde durup bilmez” diýen sözlerine üns çekilýär.
“Watan” gazeti “Asuda pozisiýa” söz başyly habarynda ABŞ-nyň Yrak-Damask Yslam Döwleti guramasyna garşy göreş üçin çagyryş beren NATO agza 10 ýurduň hatarynda orun alýan Türkiýäniň “özbaşdak pozisiýasy” sebäpli asuda pozisiýa eýelejekdigini belleýär. Türkiýäniň YDYD guramasynyň elinde saklanan 49 raýaty sebäpli aç-açan we aktiw pozisiýa eýeläp bilmejekdigini ýazýan gazet, “Roýtere” beýanat beren amerikaly ýolbaşçylaryň “Türkiýäniň özüne mahsus şertlerini bilýäris we oňa düşünýäris” diýen sözlerini çap edýär.
“Star” gaeti “Russiýa berk reaksia görkezildi” söz başyly habarynda, Ukrainada anna güni gol çekişilen hüjümleriň bes edilmegi barasyndaky ylalaşykdan soň ABŞ-nyň we ÝB-ne agza ýurtlaryň Russiýa garşy berk sanksiýa kararyny kabul edip, hemle atandygyny ýazýar. Gazet karara nägilelik bildiren Russiýanyň “degişli garşylygy görkezeris” diýmek bilen günbatara duýduryş berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Watan” gazeti ilkinji ýerli ýel turbinasynyň noýabr aýynda Stambulda elektrik toguny öndürmäge başlajakdygyny habar berýär. Gazet Türkiýäniň ylmy we tehniki barlaglar guramasy TÜBİTAK-yň öňbaşçylyk etmeginde öndürilen we Terkos kölüniň kenaryna ornaşdyryljak ulgamyň 500 kilowatsagat elektrik öndürjekdigini we ondan Stambulyň Suw we lagym edarasynyň sarp etjekdigini ýazýar.
“Hürriýet” gazeti “Siwasa emin agzalary toparynyň ýörite baýragy” söz başyly habarynda, 71-nji Wenesiýa film festiwalynda režisýor Kaan Müždejiniň “Siwas” atly çeper filminiň “Emin agzalary toparynyň ýörite baýragyna” laýyk görülendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet emin agzalarynyň 11 ýaşly oglanjyk bilen Kangal itiniň başdan geçirenlerini gürrüň berýän filmiň adamzadyň gymmatlyklaryna nusga görkezilýändigini belleýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar