Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 05.09.2014

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gazetlerde giňişleýin ýer alýar

114654
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 05.09.2014


“Milliýet” gazeti “Siriýadaky bombalar çagalara ýagdy” söz başyly habarynda Siriýanyň Deýrizor şäherinde guralan howa hüjüminde awtobusyň bombalaryň aşagynda galandygy sebäpli 10-y çaga 16 adamyň ýogalandygyny ýazýar.Gazet Siriýanyň Adam hukuklary guramasynyň hüjümden Siriýanyň hökümetiniň jogapkärdigine ünsi çekendigini, Siriýanyň hökümetiniň bolsa Yrak Damask Yslam Döwleti guramasyny günäkärländigini nygtaýar.Gazet hüjümde esasan 10 ýaşyna ýetmedik çagalaryň ýogalandygyny belleýär.Gazet paýtagt Damaskyň Duma etrapçasyna guralan howa hüjüminde hem biri çaga azyndan 7 adamyň ýogalandygyny ýatladýar.


“Hürriýet” gazeti “Ebola 3 hepdeden bäri ýaýbaňlaşýar” söz başyly habarynda Bütin dünýä Saglygy saklaýyş guramasynyň Günbatar Afrikada epidemiýa öwrülen ebola wirusy sebäpli soňky hepdelerde uly ýitgi çekilendigine ünsi çekendigini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.
Gazet Bütin dünýä Saglygy saklaýyş guramasy tarapyndan taýarlanan habarnama görä fewral aýyndan bäri öňü alnyp bilinmeýän wirus sebäpli häzire çenli 1900-den gowrak adamyň ýogalandygyny ýatladýar.
Gazet diňe geçen hepde ebola sebäpli 400 adamyň ýogalandygyny belleýär.


“Ýeni Şafak” gazeti ykdysadyýet sahypasynda dünýäniň iň uly ikinji halal önüm ýarmarkasy bolan 5-nji Halal we saglyga peýdaly önümler ýarmarkasynyň düýn Stambulda dabaraly ýagdaýda açylandygyny ýazýar.
Gazet 4 gün dowam etjek ýarmarkanyň açylyş dabarasynda söz sözlän Malaýziýanyň Prezidenti Haži Abul Malik Kassymyň Yslam dünýäsi taýdan Türkiýäniň halal önümler meselesinde esasy orun eýeleýändigi hakyndaky sözlerine ünsi çekýär.


“Star” gazeti “Rak keselini ir kesgitleýän ulgam” söz başyly habarynda rus alymlarynyň rak keselini ir kesgitleýän ulgam oýlap tapandygyny habar berýär.Habarda ýönekeý ulgamyň her bir klinikada ulanylyp bilinjekdigini belleýär.

“Akşam” gazeti halkara ýaýlym guramasy BBJ-niň aýdym saz sungadynyň dört ussady üçin Türkiýä geljekdigini ýazýarC
Gazet dört bölümlik dokumental filmde Hüsni Şenlendiriji, Aýtaç Dogan, İsmail Tunçbilek we müsürli Ahmediň ömri we döredijiligi barasynda gürrüň beriljekdigini ýatladýar.


“Watan” gazeti “Nobatdaky bäsdeş Awstraliýa” söz başyly habarynda FİBA basgetbol dünýä kubogynyň J toparynda bäsleşýän Türkiýäniň Milli ýygyndy basgetbol komandasynyň toparyndaky soňky bäsleşiginde düýn Dominik Respublikasynyň basgetbol komandasy bilen bäsleşendigini we bäsdeşini 77-64 hasabynda ýeňip toparyny ikinji ýerde tamamlandygyny habar berýär.
Gazet Türkiýäniň Milli ýygyndy basgetbol komandasynyň ýekşenbe güni çärýek final üçin Awstraliýa bilen bäsleşjekdigini ýatladýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar