Türk metbugatynyn gysgaça mazmuny 03.09.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

112745
Türk metbugatynyn gysgaça mazmuny 03.09.2014

“Star” gazeti “DKTR-na soň bolsa Azerbaýjana gitdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň öňňin Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyna guran saparyndan soň düýn Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwa gidendigini ýazýar. Gazet Erdoganyň Prezidentlige saýlanandan soň ilkinji daşary ýurt saparyny Azerbaýjana guraýandygyna ünsleri çekýär.
“Sabah” gazeti “Türkiýe BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşine ýaňadandan dalaşgär” söz başyly habarynda, 2009-njy ýyldan 2010-njy ýyla çenli BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşiniň wagtlaýyn agzalygyna saýlanan Türkiýäniň 2015-2016-njy ýyllaryň aralygyndaky bir ýyllyk döwür üçin ýaňadandan dalaşärdigini ýazýar. Habarda Türkiýäniň geljek aý geçiriljek saýlawlar üçin taýarlyklarynyň depginini güýçlendirendigi mälim edilýär. Gazet agzalyk üçin hem Prezident hem-de hökümet derejesinde ýokary derejeli diplomatik tagallanyň dowam edýändigini nygtaýar.
“Ýeni Şafak” gazeti “Urşuň täsirini lukmanlar azaldýar” söz başyly habarynda, Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde öýüne roketa düşmegi sebäpli ýüzüniň ähli süňkleri döwülen 10 ýaşly Abdulmuti Abukmeiliň Stambulda operasiýa edilendigini ýazýar. Gazet 16 sagat dowam eden operasiýada gazaly çaganyň ýüzüniň ozalky durkuna getirilendigini, Abdulmuti Abukmeiliň alty hepde soň adaty ýaşaýyşyna dolanyp barjakdygyny nygtaýar.
“Star” gazeti “Görmez Papa çagyryş etdi” söz başyly habarynda Din işleri guramasynyň başlygy Mehmet Görkezin käbir güýçleriň yslam dinini howpsyzlyk meselesine öwürmäge synanşýandygyny belläp, Watikandan bu mesele bilen gyzyklanmagyny we oňa garşy göreşmegini isländigini mälim edýär. Gazet Germaniýada ýylda 70 metjide hüjüm guralýandygyna ünsi çeken Görmeziň, Papa “Yslamy çetleşdirmek ugrundaky tagallalaryň öňüni alynmaly. Bu diňe ýaş gyzyň aýaklaryny ýuwmak ýa-da tapawutly dinlere uýýanlaryň arasynda futbol turniri geçirmek bilen bolmaýar” diýen sözlerini çap edýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Goranyş senagatynyň eksporty 1 milliard dollardan geçdi söz başyly habarynda, türk goranyş senagatynyň ýylyň 8 aýyndaky indeksiniň 1 milliard dollardan geçendigini ýazýar. Gazet 8 aýlyk döwürde esasy satuwyň ABŞ-na edilendigine ünsleri çekýär. Gazet ABŞ-dan soň nobaty bilen Malaýziýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, İtaliýanyň, İspaniýanyň we Fransiýanyň gelýändigini mälim edýär.
“Hürriýet” gazeti “Türk kinosynyň 100-nji ýyllygy Wenesiýada bellenip geçildi” söz başyly habarynda, 71-nji Wenesiýa film festiwalynyň düýn türk kinosynyň 100 ýyllygy mynasybetli dabara ýer eýeçiligini edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet dabaranyň çäginde Ömer Lütfi Akadyň 1973-nji ýylda surata alynan “Gelin” atly çeper filminiň görkezilendigini mälim edýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar