Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 21.08.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

98597
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 21.08.2014

“Milliýet” gazeti “Türk žurnalisti ABŞ-da uruldy” söz başyly habarynda Türkiýänin daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Tanžu Bilgijiň Anadoly” habarlar gullugynyň habarçysynyň ABŞ-nyň Ferguson şäherçesinde polis tarapyndan urulmagy we saklanmagy barasnda “Anadoly” habarlar gullugynyň habarçysyna ABŞ-da edilen çemeleşme kabul edilip bilinmez. ABŞ-nyň degişli edaralarynyň ünsli çemeleşmeklerine garaşýarys” diýendigini ýazýar. Gazet ABŞ-da ýaragsyz garaýagyz Mişel Brownyň polis tarapyndan öldürilmeginden soň başlan we Saint Luis şäheriniň Ferguson şäherçesiniň golaýynda demonstrantlar bilen polisiň çaknyşygyny ýazga alan “Anadoly” habarlar gullugynyň habarçysy Bilgin Şaşmaza polisiň berk darandygyny mälim edýär.
“Star” gazeti “Türkiýä gönüden maýa goýumlary artdy” söz başyly habarynda ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekjiniň Türkiýä gönüden halkara maýa goýumlarynyň artandygyny nygtap, ýurtdaky durnuklylygyň we asudalygyň dowam etmeginiň esasy faktorlardan biridigine ünsi çekendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet ýylyň birinji ýarymynda goýlan 6,76 milliard dollarlyk maýa goýumynyň daşary ýurtlylaryň Türkiýä bolan ynamynyň iň anyk görkezijisidine ünsleri çekýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “17 günlük kynçylykly ýolagçylyk gutardy” söz başyly habarynda Yrak-Damask Yslam Döwleti guramasynyň hüjümleri sebäpli ýurduny terk eden ýezidilerden 600 sanysy 17 gün dowam eden kynçylykly ýolagçylykdan soň Uluderäniň Ortasu obasyndan Türkiýä gelendigini ýazýar. Gazet ýezidileriň pyýada gelýändigini öwrenen Ortasu obasynyň ýaşaýjylary traktorlar we ýük ulaglary bilen serhedi geçip, ýezidileri getirendiklerini ýazýar.
“Sabah” gazeti “Atatürkiň ýahtasy Sawarona ulanmaga taýar” söz başyly habarynda Türkiýäniň esaslandyryjysy M.Kemal Atatürkiň ömrüniň soňky günlerini geçiren 83 ýyllyk Sawarona ýahtasynyň 10 aý dowam eden abatlaýyş işlerinden soň döwlet ýolbaşçylarynyň taryhy maslahatlarynda we esasy kabul edişliklerde ulanmagy üçin taýardygyny mälim edýär. Stambulyň Kuruçeşme portunda ýanwar aýyndan bäri abatlanan taryhy ýahta indi ýene-de döwlet ýolbaşçylarynyň abraýly myhmanlaryny kabul eder.
“Hürriýet” gazeti “Toryň soltanlarynyň taryhy ýeňişi” söz başyly habarynda Bütindünýä woleýbol federasiýasynyň 2014-nji ýyldaky grand prisi üçin geçirýän bäsleşiginiň finalynda Braziliýa bilen bäsleşen türk milli ýygyndy gyzlar komandasynyň 3-2 hasabynda ýeňiş gazanandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar