Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 13.08.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

89727
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 13.08.2014

“Ýeni Şafak” gazeti daşary işler ministri Ahmet Dawutoglynyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna Palestina üçin 7 maddadan ybarat iş meýilnamasyny hödürländigini ýazýar. Gazet Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatyna gatnaşmak üçin Saud Arabystanynyň Jidde şäherine abran Dawutogly tarapyndan hödürlenen iş meýilnamasynyň Gaza berilýän kömegiň mukdarynyň artdyrylmagyny, şäheriň täzeden dikeldilmegini, hüjümleriň yzgiderli bes edilmegini, Ysraýylyň hüjümleriniň önüniň alynmagyny, Ylalaşyk hökümetiniň goldanmagyny we Palestinanyň döwlet hökmünde ykrar edilmegi ýaly ugurlary öz içine alýandygy nygtalýar.
“Haber Türk” gazeti Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda gazanylan hüjümleriň 72 sagat möhlet bilen bes edilmegi barasynda ylalaşygyň düýn hem bozulmandygyny, yssy howa sebäpli müňlerçe ysraýyllynyň plýažlara didendigini ýazýar. Gazet gazada bolsa palestinalylaryň Ysraýylyň hüjümlerinde ýykylan öýleriniň harabalygynyň aşagyndan goşlaryny ýygnamaga synanşýandyny mälim edýär.
“Watan” gazeti Prezident Abdulla Gülüň Çankaýa köşkünde beren bankedinden soň 12-nji Prezidentlige saýlanan R.T.Erdogan bilen duşuşandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Prezident köşkünde geçirilen we bir sagat dowame den duşuşyga forst leýdiler Haýrünnisa Gül bilen Emine Erdoganyň hem gatnaşandyklaryny ýazýar.
“Sabah” gazeti Premýer ministr R.T.Erdoganyň prezidentlige saýlanmagynyň halkara maliýe töwereklerinde-de oňyn beýan tapandygyny nygtaýar. Gazet ykdysatçylaryň “Netije ýurduň ykdysadyýetine goşant goşar” diýendiklerine ünsleri çekýär.
“Watan” gazeti “PETKİM sap girdejisini 10 esse ýokarlandyrdy” söz başyly habarynda “PETKİM-iň” 2014-nji ýylyň birinji ýarymynda sap 55 million türk lirasy girdeji gazanandygyny mälim edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Watan” gazeti “TÜPRAŞ-yň girdejisi 226 göterim artdy” söz başyly habarynda “TÜPRAŞ-yň” ýylyň birinji ýarymyndaky sap girdejisini 226 göterim artdyryp, 869 million lira ýetirendigini ýazýar.
“Hürriýet” gazeti Afrikanyň günbataryndaky üç ýurtda müňden gowrak adamyň ýogalmagyna sebäp bolan ebola epidemiýasynyň kontinentiň gündogaryna-da howp salmaga başlandygyna ünsleri çekýär. Gazet Nigeriýada-da görülen wirus sebäpli Sinegalda we Ruandada-da halkyň howsala düşendigini mälim edýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar