Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 06.08.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

81432
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 06.08.2014

“Watan” gazeti “Harby jenaýat ýüz tutmasy” söz başyly habarynda Gazada mekdeplere hüjüm guralamagynyň we asuda ilatyň öldürilmeginiň Palestinanyň hökümetini herekete geçirendigini ýazýar. Gazet Palestinanyň daşary işler ministrliginiň Halkara jenaýat kazyýetine ýüz tutup, Ysraýylyň jezalandyrylmagyny isländigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Ýitgileriň öwezini dolmaga synanşýarys” söz başyly habarynda daşary işler ministri Ahmet Dawutoglynyň hüjümleriň bes edilmeginden soň Gazada çekilen ýitgileriň öweziniň dolunmagynyň möhümdigini aýdandygyny nygtaýar. Gazet Dawutoglynyň “Degişli toparlarymyz Gazanyň täzeden dikeldilmegi we durmuşyň kadalaşmagy üçin gerek bolan tagallany edýär” diýen sözlerini çap edýär.
“Sabah” gazeti ykdysadyýet sahypasynda “Türk ykdysadyýeti ösüşini subutlady” söz başyly habarynda, iş möhletini tamamlan Halkara Pul Gaznasynyň Türkiýe bölüminiň baýry işgäri Mark Lewisiň “Global ykdysady çökgünlige garamazdan Türkiýäniň ykdysadyýeti güýjüniň durnuklylygyny subut etdi” diýen sözlerine ünsi çekýär. Gazet Lewisiň Türkiýänin indi karz alýan däl, eýsem karz berýän ýurda öwrülendigini nygtandygyny mälim edýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Goranyş senagatynda ýokary ösüş” söz başyly habarynda türk goranyş senagatynyň esasy kärhanalaryndan biri bolan “ASELSAN-yň” dünýäniň goranyş senagatyndaky esasy 100 kärhanalarynyň sanawynda ýokarlamaga dowam edýändigini belleýär. Gazet merkezi ABŞ-da çap edilýän “Defens Nýus” žurnaly tarapyndan kesgitlenen “Top 100”sanawynda “ASELSAN-yň” geçen ýyl 74-nji ýeri eýeländigini, bu ýyl bolsa 67-nji ýere göterilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Star” gazeti “Ortaýer deňzi sebitinde iň köp syýahatçy kabul edýän ikinji ýurt” söz başyly habarynda Ortaýer deňzi sebitiniň Syýahatçy oteller we desgalar bileleşiginiň awgust aýyndaky býulletenine görä ýanwar-iýun aýlarynyň arasyndaky döwürde sebitde gelýän syýahatçylaryň sany taýdan Türkiýäniň ikinji ýeri eýeleýändigini nygtaýar. Şol döwürde Türkiýäniň 15 million 238 müň syýahatçyny kabul edendigine ünsleri çekýän gazet, türk syýahatçylyk pudagynyň 6 aýlyk döwürde geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 4,73 göterim ösüş edendigini ýazýar.
“Hürriýet” gazeti “Erbola wirusy bilen bagly 2 gowy habar” söz başyly habarynda amerikaly hünärmenleriň bütin dünýäni aladalandyran öldüriji erbola wirusyna garşy sanjymyň 2015-nji ýyla çenli taýarlanmagyny tama edýändiklerini mälim edýär. Gazet hünärmenleriň iki hassa berilen ýörite asma sanjymynyň gowy netije berendigini habar berendiklerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Haber Türk” gazeti “Furkan Baýrak dünýä çempiony” söz başyly habarynda Harwatiýadaky ýaşlaryň Bütindünä göreş çempionadynda Furkan Baýragyň 74 kilogram agyrlykda eýranly bäsdeşi Paýma Buýerini 4-2 hasabynda ýeňip, dünýä çenpiony bolandygyny halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar