Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 30.07.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

74514
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 30.07.2014

“Akşam” gazeti “Gyrgynçylyk tümlügi” söz başyly habarynda Ysraýylyň diri galmagyň hötdesinden gelenleri ýok etmek üçin Gazanyň ýeke-täk elektrik bekedini hatardan çykarandygyny ýazýar. Elektrik togy bolmandygy üçin şähere suw getirilip bilinmeýändigine ünsi çekýän gazet, hassahanalardaky ýaralylaryň çäresiz galandygyny nygtaýar. Habarda dünýäniň ünsüni çekmeýän Gazanyň indi tümlüge öwrülendigi mälim edilýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Ahlaksyz teklip” söz başyly habarynda gyrgynçylyk operasiýasyny goldaýan Tel-Awiw uniwersitetiniň Gazadaky harby operasiýa gatnaşmak üçin gulluga gitjek talyplara bir ýyllyk stipendiýa beriljekdigini yglan edendigini ýazýar. Gazet stipendiýa üçin serişdäniň bolsa dünýäniň köp sanly ýurdundaky “Tel-Awiw uniwersitetiniň dostlary” we donorlary arkaly ýygnaljakdygyny nygtaýar.
“Star” gazeti “İň ýokary daşary ýurt sermaýaly firma Hytaýdan” söz başyly habarynda gümrük we söwda ministri Haýati Ýazyjynyň Türkiýede ýylyň ikinji çärýeginde 185 golçur kärhanasy bilen 1005 sanysy jemagat hojalyk kärhanasy jemi 1190 daşary ýurt sermaýaly firmanyň açylandygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda iň ýokary daşary ýurt sermaýasynyň bolsa Hytaý Halk Respublikasynyň raýatlary tarapyndan getirilendigi mälim edilýär.
“Milliýet” gazeti Pirelli Türkiýede ýola girdejili çykdy” söz başyly habarynda “Türk pirelli” firmasynyň 2014-nji ýylyň birinji ýarymynda 617 million liralyk iş edendigine ünsleri çekýär. Gazet ýanwar-iýun aýlarynyň arasynda geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 10 göterim artyş eden firmanyň, prosent we salgyt bilen bilen birlikde girdejisiniň 100 göterim artandygyny ýazýar.
“Milliýet” gazeti “Kapadokiýada şar turizmi gülläp ösýär” söz başyly habarynda dünýäniň esasy ýyly howa şar merkezlerinden biri bolan Kapadokiýada baýramçylyk dynç alyşynda şarly gezelençlere uly islegiň bardygyny nygtaýar. Gazet ýylda 2,5 milliona golaý ýerli we daşary ýurtly syýahatçyny kabul edýän Kapadokiýada ýyly howa şarlarynyň esasy isleg bildirilýän çärelerden biridigini nygtaýar.
“Watan” gazeti “İztuzu dolup-daşýar” söz başyly habarynda Mugla welaýatynyň Ortaja etrabyndaky dünýä meşhur İztuzu plýažy we salkyn suwy bilen tanalýan Ýuwarçaýyň baýramda esasy isleg bildirilen ýerlerden biri bolandygyny mälim edýär.
“Hürriýet” gazeti “Gamburgyň kino baýragy Fatih Akyna berildi” söz başyly habarynda türk režisýory, senarist we prodýuser Fatih Akynyň Gamburg film festiwalynda “Douglas-sirk baýragy 2014-e” laýyk görülendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar