Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 19.07.2014

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gazetlerde giňişleýin ýer alýar

64147
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 19.07.2014

“Star” gazeti “Ylalaşyk Ysraýyly gaharlandyrdy” söz başyly habarynda Türkiýä gelen Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbasyň Prezident Abdulla Gül bilen duşuşandygyny ýazýar.

Gazet Abdulla Gül bilen Mahmud Abbasyň duşuşykdan soň metbugata beren beýanatynda, Ysraýylyň hüjümleriniň nyşanasynda Palestinada Hamas bilen Al fetihiň arasynda gazanylan ylalaşygyň bardygyna ünsi çekendiklerini nygtady.
Gazet Abbas bilen Gülüň Palestinada ilkinji nobatda ot açyşlygyň bes edilmelidigi we yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmalydygy hakyndaky sözlerine ýer berýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Kadalaşmagy mümkin däl” söz başyly habarynda Premýer ministr R. T. Erdoganyň Gazada döwlet terroryny edýän Ysraýyl bilen Türkiýäniň arasyndaki gatnaşyklaryň kadalaşamgynyň mümkin däldigi hakyndaky sözlerine ünsi çekýär.
Gazet Erdoganyň “Ysraýyl häzir gyrgynçylyk edýär. Ysraýyl dünýäde parahatçylyga howp salýan ýurtdyr. Hut menin özüm bu wezipämi dowam etdirýän döwrümde Ysraýyl hakynda hiç hili oňyn pikir beýan edip bilmerin” diýen sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.
Gazet Gazadaky gyrgynçylygy “Ysraýylyň özüni goramak hukugy” hökmünde görýän we Ysraýyla goldaw berýän Ýewropa bilen ABŞ-na hem berk garşylyk görkezen Erdoganyň “Bular içgin däl, bular dürst däl” diýendigini ýatladýar.
“Haber Türk” gazeti Gaza sektoryna guralýan hüjümlere Türkiýäniň berk garşylyk görkezýändigini ýazýar.
Gazet ýurdun çar tarapynda Ysraýyla garşy ýörişleriň geçirlendigini, TBMM-de wekilçilik edýän 4 syýasy partiýanyň hem birlikde umumy jarnama çap etmek bilen Ysraýylyň gury ýer hüjümlerini berk ýazgarandyklaryny nygtaýar.
Gazet jarnamada “Gyrgynçylyga öwrülen hüjümler kabul edilip bilinmejek adamzat jenaýatydyr. Ysraýyl gazalylary öldürýär. TBMM hökmünde Palestinaly doganlarymyzyň gynanjyny paýlaşýarys we olara goldaw bermäge dowam etjekdigimizi ýene-de bir gezek beýan edýäris” diýlendigini belleýär.
“Milliýet” gazeti “Tropiki howa ýollary” söz başyly habarynda Germaniýanyň awiasia firmasy Lufthansanyň Türk Howa Ýollary bilen birlikde täze howa ýoly firmasyny açyp Maldiwler, Mauritius we Seýşeller ýaly tropiki adalar bilen Las Wegasa elýeterli bahadan nemes syýahatçylaryny gatnatmak isleýändigini ýazýar. Gazet 2015-nji ýylda uçar saparlaryny amala aşyrmaga başlajak howa ýolunyň 7 uçarynyň boljakdygyny nygtaýar.
“Milliýet” gazeti “Şa gyzy jenetde aýak ýalaň”söz başyly habarynda Tailand şalygynyň misardar şazadasy Maha Wažralongkornyň uly gyzy Laha Bažrakitiýabhanyň uly topar bilen Pamukgala gelendigini ýazýar.
Gazet Şa gyzynyň gadymy Hierapolis şäherine, gadymy teatra we gadymy howuza baryp görendigini nygtaýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar