Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 14.07.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

128878
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 14.07.2014

“Milliýet” gazeti “İň pajygaly gijede 50-den gowrak adam öldi” söz başyly habarynda Ysraýyl tarapyndan başladylan we 6 günden bäri dowam edýän “Goraýjy eňňit” atly harby operasiýa ýüzlerçe adamyň ýogalandygyny ýazýar. Gazet şenbeden ýekşenbä geçilýän gije Gaza taşlanan bombalaryň azyndan 50 adamyň ýogalmagyna sebäp bolandygyny nygtap, şeýlelikde howadan we deňizden guralýan hüjümlerde iň köp adam pidasynyň şenbe güni bolandygyna ünsi çekýär. Habarda Gazanyň demirgazgyndaky öýlerde geçirilen barlaglarda etrabyň bombalanjakdygy habar berilip, palestinalylaryň öýlerini terk etmekleriniň islenendigi mälim edilýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Dünýä aýaga galdy” söz başyly habarynda Çiliden Günorta Koreýa, İspaniýadan Owganystana müňlerçe adamyň Ysraýyly ýazgarandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet ABŞ-da Ak Tamyň öňünde we San Fransisko şäherinde Ysraýyla garşy protest ýörişleriniň geçirilendigini ýazýar. Liwiýanyň Tripoli şäherinde-de halkyň Gaza goldaw üçin ýöriş gurandygy mälim edilýär. Habarda Fransiýanyň Ysraýyly aşa reaksiýa görkezmek bilen günäkärländigine üns çekilýär. Gazet Türk ýarym gyzylaý jemgyýetiniň Ysrýylyň Gaza sektoryna guran harby operasiýasynyň agyr ýitgiler sebäpli azyk kömegini ugratjakdygyny, 5 müň maşgala azyk kömeginiň ugradylmagy üçin degişli taýarlyklaryň dowam edýändigini ýazýar.
“Ýeni Şafak” gazeti “Gussalar jemlendi” söz başyly habarynda Bosniýa urşunda şehit bolanlaryň hossarlarynyň Krawitsadaky gyrgynçylyk lagerine baryp görendigini mälim edýär. Gazet müňden gowrak boşnýagyň öldürilen lagerinde gussaly pursatlaryň başdan geçirilendigini ýazýar.
“Star” gazeti “Şewardnadze bilen hoşlalyk” söz başyly habarynda geçen hepde ýogalan Gürjistanyň ozalky prezidenti Eduard Şewardnadzäniň döwlet dabarasy bilen jaýlanandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Haber Türk” gazeti “Eksportda 10 göterim ýokarlan awtomobil pudagy rekorda tarap barýar” söz başyly habarynda türk awtomobil senagatynyň ýylyň birinji ýarymynda önümçilik güýjüni eksport bilen goldandygyny belleýär. Gazet geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende önjeýlilikde 10 göterime golaý ösüş edilendigini nygtaýar. Habarda pudagyň ýylyň ahyrynda 1,190 000 awtomobil öndürip, rekord goýmagy göz öňünde tutýandygy mälim edilýär.
“Hürriýet” gazeti “Futbolyň şasy Germaniýa” söz başyly habarynda 2014-nji ýylyň Bütindünýä kubogynyň finalynda Mario Gotzeniň geçiren goly bilen Argentinaly 1-0 hasabynda utan Germaniýanyň dünýä çempiony bolandygyny we kubogy 4-nji gezek muzeýine alyp gidendigini ýazýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar