Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 04.07.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

117866
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 04.07.2014

“Ýeni Şafak” gazeti “Gaýdyp gelmegiň şatlygy” söz başyly habarynda Yrak-Damask Yslam Döwleti guramasynyň Yrakda zamunan alynan 32 sany türk sürüjisini boşadandygyny ýazýar. Gazet Türkiýäniň Erbildäki başkonsuly Mehmet Akif İram tarapyndan kabul edilip alynan sürüjileriň türk howaýollaryna degişli ýörite uçar bilen Türkiýä getirilendigini mälim edýär. Habarda zamun alynandan 23 gün soň boşadylan sürüjileriň maşgala agzalary bilen duşuşan mahalynda duýguly pursatlaryň başdan geçirilendigi nygtalýar.
“Ýeni Şafak” gazetiniň “Gyrgynçylyga garşy ýöriş” söz başyly habarynda Bosniýa-Gersogowinanyň Srebrenisa şäherinde serp goşuny tarapyndan edilen gyrgynçylygyň 19-njy ýylynda gyrgynçylygyň gurbanlaryny hatyralamak üçin “ölüm ýörişiniň” başladylandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet gyrgynçylykdan gaçanlaryň giden ýolunda geçirilen ýörişden son başlajak hatyralama çäreleriniň çäginde 11-nji iýulda ýene-de 175 adamyň jaýlanjakdygyny ýazýar.
“Watan” gazeti “1 hepdede 5 müň siriýaly” söz başyly habarynda Hataý welaýatynyň Reýhanly etrabyndaky Jilwegözi gümrük geçelgesinden soňky bir hepdede 5 müňe golaý siriýalynyň Türkiýä gelendigini mälim edýär. Gazet ýurtlaryndaky içerki uruşdan gaçyp Türkiýä sygynýan siriýalylaryň sanynyň Oraz aýynda hasam artandygyna ünsleri çekýär.
“Star” gazeti “Jansuwy 30 ýurda kömek berýär” söz başyly habarynda türk jemgyýetçilik guramalaryndan biri bolan “Jansuwy Arkalaşyk we Kömek guramasynyň” “Oraza ýoksula baýram, ýetime ýylgyrmakdyr” şygary bilen dünýä derejesinde 30 ýurda kömek ugradýandygyny ýazýar. Gazet ynsanperwer kömek kampaniýasyndan esasan Afrika ýurtlarynyň peýdalanjakdygyny nygtaýar.
“Hürriýet” gazeti “Ýewropanyň gözi şu taýda” söz başyly habarynda Stambuldaky Medipol uniwersitetiniň medisina fakultetiniň Regeneratiw we restrotawi medisina barlaglary merkeziniň Türkiýäniň wizualizasiýa boýunça iň esasy barlag merkezi hökmünde özüni tanadandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Ýewropadakylaryň köpüsinden has öňde bolan we köp sanly laboratoriýasy bolan merkeziň ýokary mikroskopiýa hem biologik ulgamlar boýunça laboratoriýalary bilen dünýäde abraýly ýer eýeleýändigini ýazýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar