Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 15.06.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

95613
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 15.06.2014

“Hürriýet” gazeti “Yragyň howpsyzlyk güýçleri habar bermän yza çekildi” söz başyly habarynda daşary işler ministriniň orunbasary Naji Korunyň Yrak-Damask Yslam Döwleti guramasynyň 10-njy iýunda Türkiýäniň Mosul şäherindäki başkonsullygyny basyp almagy we işgärlerini zamun almagy barasynda brifing berendigini ýazýar. Habarda Naji Korunyň 10-njy iýunda YDYD guramasynyň Mosuly alandygyny, Ankaranyň bolsa bolsa waka bilen ýakyndan gyzyklanandygyny aýdandygy nygtalýar. Gazet wakanyň Ankara tarapyndan garaşylmadyk ýagdaýda ugruny üýtgedendigini, Yragyň hökümetiniň başkonsullyga habar bermezden harby güýçlerini we polisi goragdan çekendigini, polis we harby güýçler Mosulyndan çykandygy sebäpli başkonsullygyň goragsyz galandygyny ýazýar.
“Ýeni Şafak” gazeti “Maliýäni banklaryň dolandyrmagy ýalňyş” söz başyly habarynda maliýe pudagynyň 90 göteriminiň banklar tarapyndan dolandyrylýandygyna ünsi çeken maliýe ministri Mehmet Şimşegiň, onuň ýalňyşdygyna ünsi çekendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Maliýe çökgünliginden soň bankçylyk ulgamyndaky konstruktiw özgertmeleriň ähmiýetine ünsi çeken ministr Şimşek “Bularyň ýola goýlup bilinmegi üçin güýçli we aç-açan bolunmaly” diýdi. Mehmet Şimşek türk firmalarynyň hem maliýe bazarlaryna elýeterli bolmalydygyny nygtady.
“Akşam” gazeti “Gorkusyz dublýor Stambulda” söz başyly habarynda “Aziýanyň we Ýewropanyň kesişýän nokady bolan Stambulda çykyş etmän ölsen gözüm açyk giderin” diýen batyr dublýor Bellonyň bogazy ýakyndan görmek üçin meşhur prodýusser Neil Mandt bilen Stambula gelýändigini ýazýar. Batyr dublýoryň meýilleşdirýän we ozal görülmedik çykyşy bilen bütin dünýäniň ünsüni Stambula çekmek isleýändigi nygtalýar.
“Radikal” gazeti “Könelen batareýalary ýygnaýan mekdeplere baýrak” söz başyly habarynda Burdur welaýat häkimliginiň öňbaşçylyk etmeginde guralan mekdepara köne batareýa ýygnama kampaniýasynda iň köp batareýa ýygnan, daşky gurşawa ünsli çemeşelen mekdeplere baýraklarynyň gowşurylandygyny ýazýar. Gazet mekdep ýolbaşçylarynyň baýraklaryny Burduryň welaýat häkimi Ali Orkun Jengiziň gowşurandygyny mälim edýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar