Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 13.06.2014

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanşykly habarlar gazetlerde giňişleýin ýer alýar

93485
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 13.06.2014

“Haber Türk” gazetiniň ykdysadyýet sahypasynda berlen habarda halkara bazarlarda brent nebitiniň barrel baharynyň ýokarlandygyna ünsi çekýär.
Gazet Yrakda başdan geçirilýän wakalaryň nebitiň bahasynyň ýokarlamagyna sebäp bolandygyny ýazýar.
“Star” gazeti “Türksat 4 B hemrasy taýar” söz başyly habarynda Ýaponiýada türk inženerleriniň hem goldaw bermeginde Türksat 4 B hemrasynyň öndürlendigini ýatladýar.
Gazet Türksat 4 B hemrasynyň öndürilmegi işleriniň tamamlanandygy sebäpli Mitsubşi Elektrik MELKO firmasynyň Kamakuradaky emeli hemra önümçilik merkezinde ýörite dabara geçirendigini nygtaýar.
Habarda dabarada çykyş eden Türksat A.Ş-niň Baş müdüri Ensar Gülüň fewral aýynda uçurlan Türksat 4 A hemrasynyň ýakynda 42 derejede gündogarda hyzmat etmäge başlajakdygy hakyndaky sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.
“Sabah” gazeti “İlkinji milli hemra eňňidi gelýär” söz başyly habarynda ilkinji milli aragatnaşyk hemrasy Türksat 6 A üçin şertnama baglaşylmagyna sanlyjy gün galanda, emeli hemranyň uçurylmagy üçin ilkinji milli eňňidiň gurulmagy maksady bilen işe girişilendigini ýatladýar.
Habarda maýa goýum üçin Muglanyň göz öňünde tutulýandygy bellenilýär.
“Akşam” gazeti “Kandil joşguny” söz başyly habarynda Yslam dünýäsiniň düýn agşam Remezan aýynyň habarçysy bolan Beraat kandilini belläp geçendigini nygtaýar.
Gazet metjitleri dolduran möminleriň günälerinden saplanmak we bereket üçin namaz okap doga edendiklerini ýatladýar.
“Watan” gazeti “Yşyk tizliginde ýolagçylyk etmek mümkin” söz başyly habarynda ABŞ-nyň Milli Awiasiýa we kosmos edarasy NASA-nyň täze ulgam oýlap tapyp ýyldyzlaryň arasynda ýolagçylygyň yşyk tizliginde amala aşyrlyp bilinjekdigini aýan edendigini ýazýar.
“Milliýet” gazeti “Futbol şüweleňi” söz başyly habarynda Braziliýanyň ýer eýeçiliginde 20-njy Dünýä kubogynyň düýn San Paolo Arena stadionynda dabaraly ýagdaýda açylandygyny okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.
Gazet 600 sungat işgäri tarapyndan taýarlanan şüweleňde Braziliýa degişli tanslaryň we oýunlaryň sahnalaşdyrlandygyny nygtaýar.
Habarda açylyş dabarasyndan soň Braziliýa bilen Horwatiýanyň bäsleşendigi bellenilýär.
Gazet futbol bäsleşiginde Braziliýanyň Horwatiýany 3-1 hasabynda ýeňmegi başarandygyny ýatladýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar