Türk mebugatynyň gysgaça mazmuny 29.05.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

76391
Türk mebugatynyň gysgaça mazmuny 29.05.2014

“Star” gazeti “Ermenistan 2 sany azeri esgerini şehit etdi” söz başyly habarynda Azerbaýjan-Ermenistan serhedinde ermeni esgerleri tarapyndan od açylmagy netijesinde 2 azer esgeriniň ýogalandygyny, 1 esgeriň bolsa agyr ýaralanandygyny ýazýar. Gazet Azerbaýjanyň goranmak ministrliginden berilen beýanatda front liniýasynyň Fuzuli etrabynda ermeni gözegçilik toparyna degişli esgerleriň Azerbaýjan tarapyna od açandygyny habar berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Akşam” gazeti “BMG “Stambuly” saýlap aldy” söz başyly habarynda Stambulyň şäher häkimi Kadir Topbaşyň Nýu-Ýorkda BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun bilen duşuşandygyny mälim edýär. Duşuşykda 2016-njy ýylda Bütindünýä ynsanperwer kömek maslahatynyň Stambulda geçirilmegi barasynda netijä gelinendigi nygtalýar.
“Star” gazeti “Kuweýt bilen wiza düzgüni bes edildi” söz başyly habarynda Türkiýeden Kuweýde gidişleriň wizasyz boljakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet iki ýurduň arasynda gol çekişilen ylalaşyga laýyklykda diplomatik, şahsy we gulluk pasportlarynyň eýeleriniň wizasyz we paçsyz, baran gününden başlap 9 aýyň dowamynda 90 günden köp bolmadyk möhletde yzgiderli ýa-da bölekleýin ýaşamak üçin syýahat edip biljekdigini nygtaýar.
“Ýeni Şafak” gazeti “THÝ-nyň daşary ýurtdaky ilkinji JİP-i Moskwada” söz başyly habarynda Türk howaýollarynyň Türkiýäniň daşyndaky ilkinji JİP ýolagçy zalyny Russiýanyň paýtagaty Moskwada açandygyny mälim edýär. Gazet Halkara Wnukowa howa menzilindäki “Stambul Lounge” JİP zalynyň açylyşyna THÝ-nyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Hamdi Topçy we howa menziliniň ýolbaşçylary bilen birlikde köp sanly myhmanyň gatnaşandygyny ýazýar.
“Sabah” gazeti “Türgen paraşutçylar Stambulda” söz başyly habarynda Pro-BASE World Kup-2014-iň birinji bölüminiň Stambulda başlandygyny nygtaýar. Gazet 18 ýurtdan 65 paraşutçynyň Ýewropanyň iň belent binasy bolan Stambul Sapphire-den bökendiklerini mälim edýär.
“Haber Türk” gazeti “Sabanjy iň güýçli 60-njy zenan” söz başyly habarynda “Sabanjy Holding” fimalar toplumynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Güler Sabanjynyň “Forbes” žurnalynyň 2014-nji ýylyň iň güýçli zenanlary sanawynda 60-njy ýeri eýeländigini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär. Sanawda birinji ýeri Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň eýeleýändigi nygtalýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar