Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 22.05.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

71343
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 22.05.2014

“Milliýet” gazeti “Mawi Marmara meşhur aklawçy” söz başyly habarynda Ysraýylyň goşuny tarapyndan Gaza goýlan gabawy böwüsmek üçin ýola çykan “Mawi Marmara” gämisine 2010-njy ýylyň 31-nji maýynda guralan hüjümde ýogalan 9 türk raýatyynyň hossarlaryna meşhur aklawçylardan biriniň wekilçilik etjekdigini ýazýar. Gazet Ýugoslawiýanyň ozalky döwlet ýolbaşçysy Slobodan Milosewiçi Gagadaky Halkara Jenaýat Kazyýetinde sud eden sudýalardan we Siriýada hökümetiň birsydyrgyn gynamalaryny ýüze çykaran habarnamany taýarlanan aklawçy Geofreý Naýsyň “Mawi Marmara” wakasynda ejir çekenlere Halkara jenaýat kazyýetinde wekilçilik etjekdigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “ASELSAN” ägirtleriň ligasynda” söz başyly habarynda “ASENSAN-yň” “Rolls-Roýs” bilen hereketlendiriji, “Airbas” bilen kosmos, lazer we öýjükli aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barasynda ylalaşandygyny ýazýar. Gazet uly möçberli ylalaşyk bilen Türkiýäniň global bazarlara has aňsatlyk bilen girip biljekdigini belleýär. Habarda ýerli roketa öndürýän “ROKETSAN-yň” bolsa “Airbas goranyş we kosmos” firmasy bilen harby awiasiýa pudagynda hyzmatdaşlyk etmek üçin ylalaşyk gazanandygyna üns çekilýär.

“Sabah” gazeti “Britaniýada tälim almakly ýeňilleşýär” söz başyly habarynda “Britaniýada “A derejesi” hökmünde bilinýän we uniwersitete taýarlyk görýän ýaşlar üçin niýetlenen taýarlyk we ykrar edilme maksatnamasyna geljek ýyldan başlap Osman imperiýasy we Yslamyň beýgelişi ýaly temalaryň degişli edilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny mälim edýär. Gazet synag toparynyň taryh bölüminden jogapkär ýolbaşçysynyň şol bir temalarda we 20-nji asyr bilen bagly temalaryň saýlanyp alynmagy sebäpli tankydy bellikleriň gelip gowuşýandygyny, maksatlarynyň okuwçylara alternatiw hödürmekden ybaratdygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazetiniň medeniýet we sungat sahypasynda çap edilen “Morriseý-den Stambula azanly açylyş” söz başyly habarynda estradanyň legandar wekillerinden biri bolan iňlis aýdymçysy Morriseýiň täze albomundan Stambul atly aýdymynyň efire berilendigini ýazýar. Gazet aýdymyň başynda azan sesiniň bolmagynyň ünsleri çekendigini mälim edýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar